Ýerde ýaşaýşyň döremegine planetanyň magnit meýdanynyň gowşamagy sebäp bolan bolmagy mümkin

  • 07.05.2024 15:37
  • 11k+

Amerikaly alymlar ediakariýa döwründe Ýeriň magnit meýdanynyň gowşamagynyň durmuşyň çalt ösmegi üçin katalizator bolup biljekdigi baradaky täze teoriýany öňe sürdüler. Bu barada "The Nature Communications Earth & Environment" žurnalynda çap edilen makalada aýdylýar diýip, Anadolu gullugy ýazýar.

Jon Tardunonyň ýolbaşçylygyndaky gözlegçiler Braziliýadaky 591 million ýyllyk gaýalardan tapylan gadymy plagioklaza kristallarynyň magnit aýratynlyklaryny seljerdiler. Netijeler bu kristallaryň häzirki basyşdan 30 esse gowşak atmosfera basyşynda emele gelendigini, munuň bolsa şol döwürde Ýeriň magnit meýdanynyň ep-esli gowşak bolandygyny görkezdi.
Alymlaryň bellemegine görä, magnit meýdanynyň bu gowşaşmagy takmynan 26 million ýyl (591-den 565 million ýyl ozal) dowam edipdir we Ýer togalagynda biodürlüligiň ep-esli ýokarlanan ediakariýa döwrüne gabat gelipdir. Ozal muňa atmosferadaky kislorodyň derejesiniň ýokarlanmagy itergi berendir diýip hasaplanýardy.
Täze teoriýa Ýeriň magnit meýdanynyň gowşamagynyň zarýadly bölejikleriň kosmosa zyňylmagyna sebäp bolandygyny, bu bolsa öz gezeginde atmosferada kislorod döretmek üçin zerur himiki reaksiýalary stimulirländigini görkezýär.


düýn 10:53
1.6k+

Pagta süýjüsinden hem ýeňil: NASA aşa ýeňil bolan iki ekzoplanetany açdy

NASA-nyň TESS kosmos obserwatoriýasy ýerdäki teleskoplar bilen bilelikde dykyzlygy adatdan daşary pes bolan iki sany ekzoplanetany ýüze çykardy. Olar bir ulgamda ýerleşip, özara orbital täsirler arkaly......

düýn 09:54
4.1k+

Alymlar: ýaşlar häzirki wagtda öňkä garanyňda has çalt garraýar

Nature Medicine žurnalynda çap edilen täze gözleg häzirki ýaş nesliň özlerinden öňki nesillere garanyňda, şol bir ýaşda has ýokary biologiki ýaşda bolup biljekdigini görkezdi....

26.06.2026 23:37
4.2k+

Alymlar Ýerdäki iň gadymy krateriň ýaşyny takyklady

Kertin uniwersitetiniň we Günbatar Awstraliýanyň Geologik gullugynyň alymlary Ýerde mälim bolan iň gadymy krateriň ýaşynyň, takmynan, 3 milliard ýyla deňdigi baradaky netijä geldi. Bu ylmy işiň netijeleri......

26.06.2026 15:40
2k+

Jeýms Webb «GJ504b» ekzoplanetasynyň üýtgeşik gülgüne reňkiniň sebäbini düşündirdi

«Jeýms Webb» kosmos teleskopy Ýerden, takmynan, 57 ýagtylyk ýyly uzaklygynda ýerleşýän «GJ504b» ekzoplanetasynyň geň galdyryjy gülgüne reňke eýe bolmagynyň sebäbini anyklamaga kömek etdi....