Halkara gatnaşyklary institutynda diplomat Çynar Rüstemowanyň hormatyna dabaraly çäre geçirildi

  • 07.05.2024 06:33
  • 7005
Halkara gatnaşyklary institutynda diplomat Çynar Rüstemowanyň hormatyna dabaraly çäre geçirildi

4-nji maýda Türkmenistanyň DIM-niň Halkara gatnaşyklary institutynda Türkmenistanyň Gahrymany, ÝUNESKO-nyň işleri boýunça Türkmenistanyň milli toparynyň jogapkär sekretary Çynar Rüstemowanyň 70 ýaş toýy mynasybetli dabaraly çäre geçirildi.

Türkmenistanyň DIM-niň habar bermegine görä, çärä Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri Raşid Meredow, Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň Prezidentiniň orunbasary, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň ýerine ýetiriji direktory Rejep Bazarow, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň wekilleri, institutyň professor-mugallymlary we talyp ýaşlary gatnaşdylar.
Çäräniň barşynda gatnaşyjylar Ç.Rüstemowanyň uzak ýyllaryň dowamynda ak ýürekli, yhlasly we halal zähmet çekip, ussat diplomat hökmünde Watanymyzyň gülläp ösmegine, ýurdumyz bilen beýleki döwletleriň arasyndaky dostlukly, hoşniýetli, özara bähbitli gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagyna, Türkmenistanyň bütin dünýäde abraýynyň has-da artmagyna mynasyp goşant goşup gelýändigini bellediler.
Dabaranyň ahyrynda diplomata Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň we Türkmenistanyň DIM-niň Halkara gatnaşyklary institutynyň adyndan gymmat bahaly ýadygärlik sowgatlar gowşuryldy.


şu gün 07:42
2548

Serdar Berdimuhamedow Gitanas Nausedäni Litwanyň Prezidentligine gaýtadan saýlanylmagy bilen gutlady

Prezident Serdar Berdimuhamedow jenap Gitanas Nausedä Litwa Respublikasynyň Prezidenti wezipesine gaýtadan saýlanylmagy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny iberdi. Döwlet Baştutany şu ýakymly mümkinçilikden...

düýn 23:33
6036

Gyrgyzystan Türkmenistanyň elýeterli derman serişdelerini satyn almak barada gyzyklanýar

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministri Myrat Mämmedow Gyrgyzystanyň Saglygy goraýyş ministri Alymkadyr Beýşenaliýew bilen duşuşyp, derman we lukmançylyk enjamlary babatda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň...

düýn 22:51
6700

Türkmenistanyň ABŞ-daky ilçihanasy welosipedli ýöriş we futbol ýaryşyny gurady

Türkmenistanyň ABŞ-daky ilçihanasy Türkmenistanyň BMG-niň ýanyndaky Hemişelik wekilhanasy bilen bilelikde Waşington şäherindebirnäçe medeni we sport çärelerini geçirdi. Türkmenistanyň DIM-niň habar bermegine görä...

düýn 13:50
5482

Eýranyň işewür wekiliýeti Aşgabada geldi

27-nji maýda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Eýran Yslam Respublikasynyň işewür wekiliýetiniň agzalary bilen duşuşyk geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň Metbugat gullugy habar berýär. Wekiliýeti...