Alwares dördünji gezek absolýut çempion titulyny gorady

  • 07.05.2024 06:01
  • 7.6k+

Meksikaly boksçy Saul Alwares watandaşy Haýme Mungiýadan üstün çykyp, orta agramda absolýut dünýä çempiony titulyny gorap saklady. 

Las-Wegasda geçirilen 12 raundlyk söweşde Alwares emin agzalarynyň biragyzdan karary bilen ýeňiş gazandy. Bu Alwaresiň 2021-nji ýylda gazanan absolýut dünýä çempiony titulyny dördünji gezek goramagydyr.
33 ýaşly Alwaresiň hasabynda 61 ýeňiş (39-ysy nokaut bilen), 2 ýeňliş we 2 deňme-deňlik bar. 27 ýaşly Mungiýa karýerasynda ilkinji ýeňlişine sezewar boldy. Onuň hasabynda 43 ýeňiş bar (34-üsi nokaut bilen).
Şeýle-de, häzirki wagtda absolýut dünýä çempiony adyna ýaponiýaly Naoýa Inoue (55,2 kg çenli) we amerikaly Terens Krouford (66,68 kg çenli) eýedir. 


08.05.2026 10:25
5.1k+

Inoue agram derejesine garamazdan dünýäniň iň gowy boksçylarynyň reýtinginde Usikden geçdi

ESPN amerikan sport portaly, agram derejesine garamazdan (PFP — pound-for-pound) dünýäniň iň gowy boksçylarynyň täzelenen reýtingini çap etdi....

04.05.2026 12:23
7.6k+

«Monstr» ýeňilmezligine galdy: Naoýa Inoue dünýäniň absolýut çempiony adyny gorady

Ýaponiýaly boksçy Naoýa Inoue Tokioda watandaşy Dzýunto Nakatanini ýeňip, ikinji ýeňil agramda (55,22 kg çenli) dünýäniň absolýut çempiony adyny gorady....

24.04.2026 14:35
6.3k+

«Rowaýatylaryň söweşi»: Meýwezer Usikden soň kikboksçy bilen tutluşar

Amerikaly boks ägirdi Floýd Meýwezer grek kikboksçysy Maýk Zambidis bilen görkezme söweşini geçirer. «Rowaýatylaryň söweşi» diýlip atlandyrylan bu duşuşyk 27-nji iýunda Afinadaky «OAKA» Olimpiýa toplumynda......

07.04.2026 00:00
6.7k+

Tim Szýu WBO International guşagyny eýeledi

Awstraliýaly boksçy Tim Szýu orta agram derejesinde WBO International çempiony tituly ugrundaky tutluşykda albaniýaly boksçy Denis Nurjuny ýeňdi....