2023-nji ýylyň iň gowy kompýuter oýny iPhone we iPad-da elýeterli bolar

  • 07.05.2024 14:37
  • 8.8k+

2023-nji ýylda köp sanly baýraklara, şol sanda The Game Awards-da ýylyň oýny adyna eýe bolan Baldur’s Gate 3 oýny 2025-nji ýylyň başynda iPhone bilen iPad-da elýeterli bolar. Bu barada Dame Tech blogeri X sosial ulgamynda habar berdi.

Oýnuň Apple M çipleri bolan iPad Pro, şeýle-de iPhone 15 Pro üçin çykmagyna garaşylýar. Baldur’s Gate 3 çykýança, bazarda iPhone 16 Pro we Pro Max hem peýda bolar. Şonuň üçin onuň hem bu oýny goldamagy ähtimal.
Baldur’s Gate 3-üň iOS-a adaptirlenmegi Apple kompaniýasynyň öz flagman gurluşlary üçin eksklýuziw AAA-oýunlaryny hödürlemegi giňeltmek strategiýasynyň bir bölegidir. Bu kompaniýa täze auditoriýany çekmäge we iPhone hem iPad-yň satuwyny artdyrmaga mümkinçilik berer.
iOS üçin Baldur’s Gate 3-üň reliziniň resmi anonsy iPhone-16-nyň tanyşdyrylyşynyň çäklerinde, 2024-nji ýylyň güýzünde bolmagy-da mümkin.


07.05.2026 21:13
2.8k+

Apple “akylly” Siri-ni gijikdirendigi üçin iPhone 16 we iPhone 15 Pro-nyň eýelerine 250 million dollar tölär

Apple kompaniýasy Siri ses kömekçisiniň emeli aň (AI) funksiýalary bilen enjamlaşdyrylan täze görnüşiniň gijikdirilmegi zerarly ABŞ-da gozgalan köpçülikleýin kazyýet işini ýatyrmak üçin 250 million dollar......

11.04.2026 14:59
8k+

Dünýäde iň geçginli smartfonlaryň 10-lugyna birbada 5 sany iPhone girdi

2025-nji ýylyň dördünji çärýeginde dünýäde iň köp satylan 10 modeliň arasynda iPhone smartfonlary bäş orny eýeledi. Muňa Counterpoint Research kompaniýasynyň maglumatlary şaýatlyk edýär....

13.03.2026 16:33
3.2k+

Tim Kuk Apple ulanyjylaryna ýüzlendi: «Elli ýyl ozal kiçijik bir garažda uly pikir dünýä indi…»

2026-njy ýylyň 1-nji aprelinde Apple kompaniýasynyň döredilenine 50 ýyl dolýar we kompaniýa bu sene mynasybetli birnäçe çäreleri hem-de uly tanyşdyryşlary taýýarlaýar. Apple-iň baş direktory Tim Kuk bu möhüm senäniň gelerine garaşyp durman, kompaniýanyň saýtynda Apple-iň enjamlaryndan we hyzmatlaryndan peýdalanýanlaryň ählisine gönükdirilen açyk haty çap etdi...

09.03.2026 19:31
1.2k+

Apple Music EA tarapyndan döredilen aýdym-saza bellik girizmäge başlar

Apple Music hyzmaty emeli aň arkaly döredilen kontente bellik goýmaga başlar. Bu barada NME neşiri habar berýär. Täze düzgünlere görä, distribýutorlar saz, tekst, klip ýa-da obložka döredilende emeli aňyň ulanylandygyny ýa-da ulanylmandygyny görkezmeli bolarlar...