FotoLab ykjam goşundysy arkaly suratly bokallary oturan ýeriňden sargyt edip bolýar

  • 07.05.2024 10:08
  • 8k+

Suratly bokallar özüň üçin hem, ýakynlaryň üçin hem ýakymly sowgat bolup biler. FotoLab ykjam goşundysy onlaýn mümkinçilikleriniň sanyny barha giňeldýär. Indi ykjam goşundynyň üsti dürli görnüşdäki bokallara surat çap etdirip bolýar.

Munuň üçin FotoLab ykjam goşundysyny Google Play-dan ýa-da App Store ýükläp alyp, “Fotosuwenirler” bölüminden “Bokalda çap etmek” diýen ýerden göwnüňize ýaran bokaly saýlamaly. Isleýän suratyňyzy ykjam goşunda ýüklemeli. Soňra “Sebede” geçip, sargyt etmeli.
Ýakynda FotoLab-da islendik suraty telefon çehollaryna çap edip bolýandygy barada hem habar beripdik. Munuň üçin bar gerek zat – telefonyň modelini saýlamak we haýsy suraty çap etmek isleýändigiňizi karar bermek.
FotoLab ykjam goşundysy şeýle hem Aşgabadyň çäginde pasport, wiza, işe girmek, talyp şahsyýetnamasy, ygtyýarnamalar we şahsyýetnamalar üçin gerek bolan fotosuratlary gerek bolan ölçegde onlaýn sargyt etmek mümkinçiligini hödürleýär.
Has giňişleýin öwrenmek üçin wideo serediň.

FotoLab ykjam goşundysyny şu salgylardan ýükläp alyp bilersiňiz:
Google Play we App Store


08.06.2026 15:19
5.5k+

Türkmenistanda howa maglumaty: hepdäniň başy we ahyry ýagyşly bolar

Daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa gullugy Türkmenistanda şu hepde (8–14-nji iýun) bolmagyna garaşylýan howa barada maglumat berdi....

25.05.2026 17:25
4k+

«Birlik» – üpjün edijiler we alyjylar üçin ykjam witrina

Ýörite işgär hakyna tutmazdan ýa araçy gözlemän, satuwlary köpeltmegiň ugruny gözleýäňizmi? «Birlik» — bu ýurdumyzdaky müňlerçe lomaý alyjylara (marketlere, dükanlara, toý mekanlaryna, kafelere, otellere…)......

25.05.2026 11:42
8.2k+

Maýyň soňky günleri Türkmenistanda ýagynly we yssy bolar

Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa gullugy ýurdumyzda şu hepdäniň dowamynda boljak howanyň ýagdaýy barada maglumat berdi....

22.05.2026 16:52
4.2k+

Onlaýn Hyzmat — biznesde: indi kart we QR-kod arkaly tölegleri kabul edip bolýar

Türkmen hünärmenleriniň «Onlaýn Hyzmat» ykjam goşundysy biznes üçin mümkinçiliklerini giňeldýär: indi ulgama diňe bir şahsy ulanyjylar däl, eýsem telekeçiler — dükanlar, serwisler we onlaýn platformalar hem......