Apple 110 mlrd dollarlyk paýnama yzyna satyn alýar. Bu ABŞ-nyň taryhynda rekord

  • 05.05.2024 22:39
  • 9.6k+

Apple ABŞ-nyň taryhynda iň uly paýnamalary yzyna satyn alşy yglan etdi. Kompaniýanyň müdirler geňeşi 110 mlrd dollarlyk goşmaça paýnamalaryň yzyna satyn alynmagyny tassyklady diýip, RBK ýazýar.

Smartfon öndürijisi öz rekordyny täzeledi. 1999-njy ýyldan bäri ABŞ-da paýnamalary yzyna satyn alyş statistikasyny yzarlaýan Birinyy Associates gözleg kompaniýasynyň maglumatlaryna görä, 2018-nji ýylda kompaniýa 100 mlrd dollarlyk paý satyn alşy habar berdi. 2021, 2022 we 2023-nji ýyllarda kompaniýa 90 mlrd dollarlyk yzyna satyn alyş maksatnamalaryny yglan etdi.
Umuman, häzire çenli ABŞ-da paýnamalary yzyna satyn alyş baradaky iň uly on bildirişiň altysy kompaniýanyň paýyna düşýär. Şeýle-de, iň uly baýbekli kompaniýalaryň sanawyna 2023-nji ýylyň ýanwar aýynda 75 mlrd dollarlyk yzyna satyn alşy yglan eden Chevron nebit korporasiýasy we 2024-nji ýylyň aprel aýynda 70 mlrd dollarlyk gymmatly kagyzlaryny satyn alyş barada yglan eden Alphabet holdingi girýär.
Penşenbe güni, 2-nji maýda NASDAQ biržasynda geçirilen esasy söwdanyň netijesi boýunça, Apple kapitalizasiýasy boýunça dünýäde ikinji orny eýeleýär, kompaniýanyň bahasy 2,67 trln dollar. Bu görkeziji boýunça Apple diňe bazar bahasy 2,96 trln dollar bolan Microsoft-dan yza galýar.
3-nji maýda Apple-iň paýnamalary 5,76% - 183,1 dollara çenli gymmatlady. Ýylyň başyndan bäri kompaniýanyň paýnamalary, takmynan, 5% peseldi.


19.05.2026 09:37
4.4k+

Ilkinji gorag çehollary iPhone 18 Pro-nyň dizaýnyny tassyklady

Internetde iPhone 18 Pro we iPhone 18 Pro Max üçin niýetlenen gorag çehollarynyň suratlary peýda boldy. Bu çehollaryň dizaýnyň iň soňky ylalaşygyndan geçendigi we geljekki smartfonlaryň suduryny gaýtalaýandygy......

17.05.2026 09:49
2.3k+

Google dünýäniň iň gymmat 10 brendiniň başyny çekýär. Galan 9 haýsylar?

Kantar kompaniýasynyň çap eden «BrandZ Top 100 Most Valuable Global Brands 2026» atly reýtingine görä, bu ýyl Google soňky dört ýylda ilkinji gezek Apple kompaniýasyndan öňe geçip, dünýäniň iň gymmat brendi......

14.05.2026 12:04
2.8k+

Xiaomi 17-niň satuwy 5 million enjama golaýlady

2026-njy ýylyň 18-nji hepdesine çenli Xiaomi 17 seriýasynyň satuwy 5 million enjama golaýlady, emma bu görkezijiler Hytaý bazarynda iPhone 17-niň netijelerinden ep-esli pes bolmagynda galýar....

03.05.2026 16:10
3k+

Apple-iň girdejisi rekord derejä ýetdi: iPhone 17-ä bolan isleg garaşylandan hem ýokary boldy

Apple kompaniýasy mart aýynda tamamlanan çärýek üçin rekord maliýe netijelerini yglan etdi. Bu üstünligiň esasy sebäbi täze iPhone 17 modellerine bolan çenden aşa ýokary isleg boldy....