Bahasy we hil gatnaşygy boýunça smartfonlaryň arasynda öňdebaryjylar belli boldy

  • 05.05.2024 20:59
  • 12k+

AnTuTu-yň hünärmenleri baha we hil gatnaşygy boýunça öňdebaryjy smartfonlaryň täzelenen (aprel) sanawyny çap etdi diýip, IXBT habar berýär.

Bahasy 275 dollara çenli bolan smartfonlaryň kategoriýasynda Redmi K70E (8 GB RAM + 256 GB fleş ýady) öňdelikçi boldy. Şeýle hem ilkinji üçlige Realme GT Neo6 SE (8/256 GB) we Oppo K10 (8/128 GB) girdi.
Bahasy 275-415 dollar aralygyndaky öňdelikçiler degişlilikde Snapdragon 8 Gen 2, Dimensity 9300 we  Dimensity 9200+ çipsetlerinde gurlan iQOO Neo9 (12/256 GB), iQOO Neo9 Pro (12/256 GB) we Redmi K60 Extreme Edition (12/512 GB).
415 dollardan 555 dollara çenli kategoriýada Redmi K70 Pro (12/256 GB) öňdeligi eýeleýär. Ondan soň Qualcomm Snapdragon 8 Gen 3 prosessory bilen işleýän Realme GT5 Pro (12GB / 256GB) we iQOO 12 (12GB / 256GB) bar.
Bahasy 555 dollardan gymmat bolan smartfon segmentinde One Plus 12 taýsyz öňdelikçi bolup galýar. Ikinji we üçünji ýerde Nubia Z60 Ultra we Xiaomi 14 Pro durýar.


22.02.2026 01:33
3.7k+

Xiaomi-niň ýolbaşçysy täze Xiaomi 17 Ultra-nyň kamerasynyň mümkinçiliklerini görkezdi

Xiaomi korporasiýasynyň ýolbaşçysy Lu Weýbing Xiaomi 17 Ultra flagman smartfonynyň dünýä derejesindäki tanyşdyrylyşynyň öňüsyrasynda enjamyň kamerasynda düşürilen täze suratlary paýlaşdy. Smartfonyň resmi tanyşdyrylyşy "MWC 2026" sergisiniň öňüsyrasynda, 2026-njy ýylyň 28-nji fewralynda bolar...

14.02.2026 18:43
1.4k+

Baýramçylyk arakesmesi: Xiaomi Hytaý täze ýyly sebäpli HyperOS täzelenmelerini wagtlaýyn duruzdy

Xiaomi kompaniýasy Hytaýda bellenilýän täze ýyl baýramçylygy bilen baglylykda HyperOS programma üpjünçiliginiň täzelenmelerini çykarmagy wagtlaýynça bes edýär. Bu barada XiaomiTime tehnologiýa resursy habar berýär...

06.02.2026 09:00
1.4k+

HyperOS Android-iň köne kodlaryndan saplanýar: Xiaomi öz operasion ulgamyny çykarar

Xiaomi kompaniýasy özüniň HyperOS operasion ulgamyny düýpli täzeläp, onuň düzümindäki könelen Android kodlaryny hususy komponentleri bilen çalşyrmagy meýilleşdirýär. Bu barada belli tehnologiýa insaýderi «Digital Chat Station» habar berýär...

21.01.2026 10:50
2.2k+

Xiaomi smartfonlar üçin örän inçe daşky akkumulýatory çykardy

Xiaomi smartfonlar bilen gündelik ulanmak üçin magnitli ultra inçe daşky akkumulýatory hödürledi. Aksessuar bazarda iň ykjam magnit pauerbanklarynyň hataryna girýär. Akkumulýatoryň ýogynlygy 6 mm, agramy 98 g barabar...