Hirurglar ilkinji gezek doňzuň ýürek nasosyny we böwregini diri adama göçürdiler

  • 05.05.2024 20:55
  • 16k+

Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň hirurglary genetiki taýdan üýtgedilen doňuz böwregini mehaniki ýürek nasosynyň implantasiýasy bilen bilelikde göçürmek boýunça dünýäde ilkinji utgaşykly operasiýany amala aşyrdylar diýip, Rambler habar berýär.

Ýürek ýetmezçiliginden we böwrek keselinden ejir çeken 54 ýaşly Liza Pizano beýleki ötüşen keselleri we donor organlarynyň ýetmezçiligi sebäpli adaty transplantasiýany alyp bilmändi.
Lukmanlar oňa ksenotransplantasiýany, ýagny haýwan organyny transplantasiýa etdirmegi teklip etdiler. Adamyň antibedenleriniň organy ret etmeginiň öňüni almak üçin doňuz böwreginiň DNK-syna üýtgeşmeler girizildi.
Operasiýa iki basgançakdan ybarat boldy: 4-nji aprelde ýürek nasosy oturdyldy we 12-nji aprelde wiloçkaly mäz bilen bilelikde genetiki taýdan üýtgedilen böwrek göçürildi, bu immunitetiň organy “özüniňki” diýip tanamagyna kömek edýär we ret etmek ähtimallygyny peseldýär.
Bu genetiki taýdan üýtgedilen doňuz böwreginiň taryhda janly adama ikinji gezek göçürilmegi we wiloçkaly mäz bilen bilelikde ilkinji transplantasiýa boldy. Operasiýadan soň näsag Liza Pizano özüni has gowy duýýar, ýüregi we böwrekleri öz funksiýalaryny ýerine ýetirýärler.


şu gün 07:29
2.3k+

BSGG Afrikada Ebola garşy göreşmek üçin 518 mln dollar gönükdirer

Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy (BSGG) we Afrikanyň keselleri gözegçilikde saklamak we öňüni almak merkezleri Afrikada Ebola gyzzyrmasynyň ýaýramagyna garşy göreşmek üçin 518 million dollarlyk alty aýlyk......

05.06.2026 17:46
2.6k+

Beýik Britaniýada düwnük çişlerini ýok edýän sanjym synagdan geçirildi

Beýik Britaniýada «Amiwantamab» derman serişdesiniň kliniki barlaglary tamamlandy. Synaglaryň dowamynda kelläniň we boýnuň düwnük keseliniň agyr görnüşlerinden ejir çekýän hassalaryň käbirinde çişleriň ep-esli......

05.06.2026 15:54
3.9k+

Hytaý dünýäde ilkinji bolup beýni implantynyň täjirçilik maksatly ulanylmagyna rugsat berdi

Hytaý dünýäde inwaziw «beýni–kompýuter» interfeýsiniň (Brain-Computer Interface, BCI) täjirçilik maksatly ulanylmagyny resmi taýdan tassyklan ilkinji ýurt boldy....

04.06.2026 07:25
5.1k+

Ýewropanyň saglygy goraýyş işgärleriniň tas üçden birinde düwnüge uçramak töwekgelçiligi bar

Ýewropanyň zähmet wezipelerinde howpsuzlyk we saglygy goramak baradaky agentliginiň (EU-OSHA) geçiren barlagy, Ýewropadaky lukmançylyk we durmuş üpjünçiligi pudagynyň işgärleriniň 29,5 göteriminiň iş......