Britaniýada rak keseline garşy dünýäde ilkinji şahsy sanjymy synagdan geçirip başladylar

  • 04.05.2024 15:15
  • 8.1k+

Beýik Britaniýada deriniň rak keseliniň iň agressiw görnüşi bolan melanoma garşy dünýäde ilkinji şahsylaşdyrylan sanjymyň synaglary başlandy. BSGG-nyň maglumatlaryna görä, her ýyl ortaça 132 müň adama şu rak keseliniň kesgidi  goýulýar.

Guardian-yň ýazmagyna görä, her bir hassa üçin aýratynlykda döredilen mRNK-4157 sanjymy immunitet ulgamyna rak öýjüklerini tanamagy we ýok etmegi öwredýär, bu keseli bejermekde ep-esli öňegidişlik bolup biler.
Sanjym COVID-19 sanjymlarynda ulanylýan mRNK tehnologiýasyny ulanýar. Bu tehnologiýany döredijileriň Nobel baýragyna mynasyp bolandygyny ýatladýarys.
Waksinany “şahsylaşdyrýan” zat näsagyň çişiniň bir bölegi operasiýa wagtynda aýrylýar, soň DNK yzygiderliligi we emeli aň ulanylýar. Ondan 34-e çenli üýtgeşik “neoantigenleri” - rak keseliniň belgilerini tapawutlandyrýarlar. Adamyň immun ulgamy olary tanamagy we olara garşy göreşmegi öwrenip biler. Soňra bu neoantigenler näsaga berilýän mRNK sanjymyna kodlanýar.
Şeýle sanjymyň şöhle bejergisi, himiýa terapiýasy we hirurgiki amallar ýaly, häzirki melanomany bejeriş usullaryndan has täsirli bolmagyna garaşylýar. Waksina öýkeniň, öt haltanyň we böwregiň rak keseli ýaly, rakyň beýleki görnüşlerini bejermek mümkinçiligine-de eýedir.
MRNK-4157 sanjymy ýüzlerçe näsagda synagdan geçirilýär. Alymlar munuň diňe bir melanomany bejermek bilen çäklenmän, eýsem rak keseline garşy immunoterapiýanyň ösüşinde täze tapgyra öwrüljekdigine umyt baglaýarlar.


düýn 11:31
3.3k+

BSGG hantawirusly ýagdaýyň 2-nji iýulda tamamlanmagyna garaşýar

Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy (BSGG), eger şol wagta çenli kesel bilen bagly täze ýagdaýlar ýüze çykmasa, hantawirus keseli bilen bagly epidemiýanyň 2-nji iýulda tamamlanan diýlip ykrar edilip......

24.06.2026 18:05
2.8k+

BSGG: Kongodaky Ebola epidemiýasy taryhda iň ulusy boldy

Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy (BSGG) Kongo Demokratik Respublikasynda ýüze çykan häzirki Ebola gyzzyrmasynyň epidemiýanyň başlanan ilkinji aýynda tassyklanan kesel ýagdaýlarynyň sany boýunça taryhda iň......

20.06.2026 12:08
7.6k+

Saç dökülmä garşy täze derman synaga gatnaşanlaryň 80%-ine kömek etdi

Adamzada saç dökülmä eltýän köp sebäpler mälim bolsa-da, bu ýagdaýa garşy netijeli serişdeler gynansak-da, örän az. Geçirilen täze kliniki barlaglaryň dowamynda «VDPHL01» diýlip atlandyrylýan gerdejik......

15.06.2026 12:32
5.8k+

Tomsuň jöwzasynda özüňi goramagyň düzgünleri: türkmen lukmanlarynyň maslahatlary

Tomus möwsümi saglyga aýratyn üns berilmegini talap edýär. Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Saglygy goraýşyň habarlar merkezi tomus möwsümini howpsuz geçirmegiň düzgünlerini......