Karlsen bilen Nimannyň arasyndaky dawaly küşt oýnunyň esasynda film düşüriler

  • 03.05.2024 22:20
  • 8.1k+

“Oskar” baýragynyň eýesi Emma Stoun we režissýor Neýtan Filder A24 studiýasy bilen bilelikde täze taslamanyň - “Küşt” komediýasynyň üstünde işläp başladylar diýip, The Hollywood Reporter habar berýär.

Filmde norwegiýaly Magnus Karlsen bilen amerikaly grossmeýster Hans Nimannyň arasyndaky dawaly küşt döwi barada gürrüň berler.
2022-nji ýylda Sent Luisde (Missuri ştaty, ABŞ) geçirilen Sinkfild kubogynda şol wagtky dünýä çempiony Karlsen garaşylmadyk ýagdaýda ýaş we o diýen tanalmaýan grossmeýsterden ýeňlişe sezewar boldy, şondan soň ol garşydaşyny aldawçylykda aýyplady.
Filmiň edebi esasynda ýazyjy Ben Mezriçiň pikiri ýatar. Stoun prodýuseri bolar we Filder režissýorlyk eder. Baş keşplerde kimleriň oýnajagy entek belli däl.

düýn 23:49
569

BoxingScene: Usik indiki tutluşygyny Deonteý Waýlder bilen geçirer

Agyr agram derejesinde öňki absolýut dünýä çempiony Aleksandr Usigiň indiki garşydaşy WBC wersiýasy boýunça dünýäniň öňki çempiony Deonteý Waýlder bolup biler. Bu barada «BoxingScene» neşiri promouter Eddi......

düýn 23:41
975

Infantino 16 günde 27 gezek uçuş edip, dünýä çempionatynyň 24 oýnuna gatnaşdy

FIFA-nyň prezidenti Janni Infantino dünýä çempionatynyň 16 gününiň dowamynda 27 sapar uçuş etdi we 24 oýna gatnaşdy. «BBC Sport-yň» hasaplamalaryna görä, şol döwürde ol howada 66 sagatdan gowrak wagt geçirdi,......

düýn 13:41
8.7k+

DÇ-2026-da 1/16 tapgyryň ähli jübütleri belli boldy: oýunlaryň tertibi

ABŞ-da, Kanadada we Meksikada geçirilýän 2026-njy ýylyň futbol boýunça dünýä çempionatynyň toparçalaýyn tapgyrynyň jemleýji oýunlary tamamlandy. 28-nji iýunda irden (Aşgabat wagty bilen) pleý-off tapgyrynyň......

düýn 12:43
6.7k+

DÇ-2026: Messiniň nobatdaky goly, DR Kongo pleý-offda, Alžir – Awstriýa oýnundaky triller

2026-njy ýylyň futbol boýunça dünýä çempionatynda toparçalaýyn tapgyrynyň 3-nji aýlawynyň duşuşyklary tamamlandy. Bu oýunlaryň netijelerine görä, 1/16 finalda bäsleşjek ähli ýygyndy toparlaryň düzümi doly......