Ýetginjek Tetris-de alty dünýä rekordyny täzeledi we 16,7 mln utuk gazandy

  • 03.05.2024 15:26
  • 15k+

Aleks Taç hökmünde tanalýan Alex T lakamly 15 ýaşly oýunçy soňky iki aýda Tetris oýnunda birbada alty dünýä rekordyny goýdy. Bu barada Tom’s Hardware portaly habar berýär diýip, gazeta.ru belleýär.

Şu ýylyň mart aýyndan bäri Aleks Taç Tetris-de öňki iň ýokary 6,8 mln utukdan geçip, iki gezek 16 milliondan ýokary utuga ýetdi. Onuň soňky rekordy 16,7 million utuk boldy.
Taç oýunda başarnygyny çagalykdan görkezip başlady. Eýýäm 11 ýaşynda 999 999 utuk gazandy. Şondan bäri onuň ussatlygy has güýçlendi we bu oňa täze belentliklere çykmaga hem “Tetris” boýunça kiber-türgenleriň jemgyýetinde meşhurlyk gazanmaga mümkinçilik berdi.
10 million utuk belliginden geçendigi üçin Aleks Taç 2300 dollar möçberinde baýrak aldy. Ol öz oýnuny göni ýaýlymda görkezdi.
Mundan başga-da, ýetginjek ekranda diňe bir setir bilen 157-nji derejede  oýundan çykdy, şeýle-de 157-nji derejä ekranda alty setir bilen geçdi. Iki ýagdaýda-da Aleks Taç muny başaran ilkinji adam hökmünde taryha girdi.


11.06.2026 10:59
7.4k+

Çarli Çapline meňzeşleriň 400-den gowragy rekord goýmak üçin Şweýsariýa ýygnandy

Beýik aktýora iň köp meňzeşleriň ýygnanyşygy boýunça dünýä rekordyny täzelemek üçin 400-den gowrak kişi Çarli Çapliniň meşhur sergezdan keşbine girip, Şweýsariýada jemlendi....

08.06.2026 18:02
5k+

Las-Wegasda düşek örtgülerinden iň uly gala guruldy

Las-Wegasda mekdep okuwçylary we ýerli ýaşaýjylar düşek örtgülerini ulanmak arkaly dünýäde iň uly galany (fort) gurdy. Bu netije resmi taýdan Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi....

08.06.2026 12:39
7k+

Taýwanda boýy 27 gatly jaýa deňeçer Gündogar Aziýanyň iň belent agajy tapyldy

Alymlar Gündogar Aziýanyň iň belent agajynyň nirede ýerleşýändigini anyklamagy başardylar. «Asman gylyjy» diýen ady alan bu agajyň boýy 84,1 metre ýetýär. Munuň özi 27 gatly binanyň belentligi bilen deňdir....

08.06.2026 08:03
5.2k+

Nemes türgeni 367 günde 367 marafon geçdi: zenan bir ýyldan gowrak wagt bäri ylgap ýör

Nemes türgeni Joýs Hýubner yzly-yzyna 367 günüň dowamynda 367 marafon geçip, bu ugurda dünýäde şeýle netije görkezen ilkinji zenan boldy. Bu täsin üstünlik barada Germaniýanyň Spiegel neşiri habar berýär....