«Formula-1-iň» iň üstünlikli konstruktory Red Bull-dan gidýär, onuň ulaglary 22 ýaryşyň 21-inde ýeňiş gazandy

  • 03.05.2024 11:35
  • 4.6k+

"Formula-1" klasyndaky awtoýaryşlaryň taryhynda iň üstünlikli konstruktorlaryň biri bolan Edrian Nýui Red Bull-yň tehniki direktory wezipesini terk eder. 1-nji maýda Red Bull bu maglumaty resmi taýdan tassyklady.

Toparda 2006-njy ýyldan bäri işläp gelýän 65 ýaşly britaniýaly inžener 2025-nji ýylda möhleti dolýan şertnamasyny uzaltmakdan ýüz dönderdi.
Nýui - Red Bull-yň çempionlyk gazanan ähli ýedi ýaryş ulagynyň awtorydyr. Karýerasynyň dowamynda ol Williams we McLaren toparlary bilen hyzmatdaşlyk etdi, umumylykda 12 gezek Konstruktorlaryň kubogyny gazandy.
Nýuiniň döreden ulaglary ýedi dürli ýaryş sürüjisine 13 gezek çempionlyk titulyny gazanmaga ýardam etdi.
2023-nji ýyl üçin onuň işläp düzen RB19 ýaryş ulagy 22 ýaryşyň 21-inde ýeňiş gazanyp, taryhda iň üstünlikli ulag boldy.
Bilermenler Nýui Ferrari toparyna geçer diýip çaklaýarlar, şol bir wagtda Aston Martin-den gelen teklipler barada hem habar bar.


23.05.2026 16:21
10k+

On adam üçin 1,4 milliard dollar: Forbes sport dünýäsiniň henizem weteranlar tarapyndan dolandyrylýandygyny görkezdi

Forbes žurnalynyň şu ýylky iň köp hak tölenýän türgenler boýunça reýtingi sportuň rowaýaty türgenleriniň 40 ýaşdan soň hem ýaş super ýyldyzlardan köp pul gazanýandygyny görkezdi....

05.05.2026 15:03
4.4k+

Abu-Dabidäki attraksion 4,9 sekuntda 240 km/sag tizlik bilen Ginnese girdi

Birleşen Arap Emirlikleriniň Abu-Dabi şäherindäki «Ferrari World» seýilgähinde ýerleşýän «Formula Rossa» attraksiony dünýäniň iň çalt attraksiony hökmünde ykrar edildi....

04.05.2026 14:40
2k+

Antonelli yzygider üçünji gezek «Formula-1-iň» Gran-pri tapgyrynda ýeňiş gazandy

«Mercedes» toparynyň sürüjisi Andrea Kimi Antonelli Maýaminiň Gran-prisiniň ýeňijisi boldy — bu onuň «Formula-1-iň» häzirki möwsüminde yzygider üçünji ýeňşidir....

25.04.2026 15:19
1.5k+

Formula-1 toparlarynyň gymmatlyk reýtingi çap edildi: Ferrari 7 milliard dollar bilen öňde barýar

Soňky birnäçe ýylyň dowamynda Formula-1 toparlarynyň gymmaty birden ýokarlanmagyny dowam etdirýär we indi her bir toparyň bahasy azyndan 1 milliard dollara ýetdi. Bu baradaky maglumatlar «PlanetF1» neşiri......