Türkmenistan bilen Niderlandlar futbol ulgamynda hyzmatdaşlyga badalga berýär

  • 03.05.2024 11:20
  • 10k+

1-nji maýda Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň hem-de Niderlandlar Patyşalygynyň futbol bileleşiginiň arasynda wideo-duşuşyk geçirildi. Ikitarapa hem bähbitli bolan bu duşuşyk taryhy ähmiýete eýedir.

Geçirilen wideo-duşuşyk futboly ösdürmekde ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy giň gerimde alyp barmak baradaky meseleleri özünde jemledi. Geçirilen duşuşygyň dowamynda hemişelik dialogy alyp barmak, tälimçilik ugrunyň tejribesini, çagalar futbolyny ösdürmek barada, şeýle-de, iki ýurduň futbol guramalarynyň arasynda meýilnamalaýyn gatnaşygy saklamak barada pikir alşyldy diýlip, TmCars-a diplomatik wekilhanada habar berdiler.
Niderlandlar Patyşalygynyň futbol bileleşiginiň hünärmenleri Türkmenistana gelip, ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk bilen bagly meýilnamalary ýerinde seljermek babatynda iş geçirmäge isleg bildirdiler. Onda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy doly derejede alyp barmak babatynda Ähtnama gol çekişmek baradaky teklip hem goldaw tapdy.
Türkmenistanyň Brýussel şäherindäki ilçihanasy futboly ösdürmek babatynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ýola goýmak babatynda geçirilen bu wideo-duşuşyk üçin Niderlandlar Patyşalygynyň futbol bileleşigine minnetdarlygyny bildirdi. Bu başlangyçlaryň türkmen futbolyny ýokary derejede ösdürmäge oňyn şert döreder diýlip beýanatda bellenilýär. 


düýn 22:49
4.7k+

DÇ-2026: Pleý-off tapgyrynyň öňüsyrasynda toparçalardaky ýagdaý nähili? Kim gider, kim galar?

Futbol boýunça 23-nji dünýä çempionatynyň toparçalaýyn tapgyrynyň iň jogapkärli – 3-nji tapgyry başlanýar. Köp ýygyndylar üçin bu ädim pleý-offa (1/16 finala) çykmagyň soňky mümkinçiligi. A käbirleri eýýämden......

düýn 13:39
9.2k+

DÇ-2026-nyň 2-nji tapgyry tamamlandy: Ronaldo dubl etdi, Kolumbiýa bilen Angliýa pleý-offda

Futbol boýunça 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynda 2-nji tapgyryň ähli duşuşyklary tamamlandy. Oýun gününiň baş wakasy — özüniň ajaýyp oýny bilen meýdançada şowhun döreden Kriştianu Ronaldunyň dubly boldy. Ol......

23.06.2026 14:15
13k+

Dünýä çempionaty – 2026-nyň 12-nji güni: Messi – çempionatyň iň gowy bombardiri, 4 oýunçynyň birbada dubly

2026-njy ýyldaky futbol boýunça dünýä çempionatynda toparçalaýyn tapgyryň ikinji duşuşyklary dowam edýär. Ýaryşyň 12-nji gününde dört futbolçy – Lionel Messi, Kilian Mbappe, Erling Holand we Ismaila Sarr dubl......

22.06.2026 17:52
4.9k+

Ulan-Batordaky ýaryş jemlendi: dzýudoçy Maýsa Pardaýewa bürünç medal gazandy

Türkmen dzýudoçysy Maýsa Pardaýewa 2028-nji ýylda Los-Anjelesde geçiriljek Olimpiýa oýunlaryna saýlama tapgyrynyň ilkinji tapgyry bolan Ulan-Batordaky «Uly tuwulga» ýaryşynda 57 kg çenli agram derejesinde......