Konferensiýalar ligasynyň birinji ýarym final duşuşyklarynda toparlar 11 gol geçirdiler

  • 03.05.2024 10:08
  • 7.8k+

Konferensiýalar ligasynyň birinji ýarym final duşuşyklarynda toparlar geçirilen gollaryň sany boýunça ahmal etmediler. "Olimpiakos" grek kluby myhmançylykda "Aston Willa" iňlis klubundan ýeňiş gazandy (4:2), italýanlaryň "Fiorentinasy" bolsa Belgiýanyň "Brýugge" klubuny ýeňdi (3:2).

Birmingemde geçen duşuşykda "Aston Willa" "Olimpiakosdan" 4:2 hasabynda ýeňildi. Aýob El-Kaabi het-trik etdi (1, 28, 56 (pen.), ýene bir goly Santýago Esse (67) geçirdi. "Aston Willadan" gollary Olli Uotkinson (45) we Mussa Diabi (52) geçirdi. Iňlis klubundan Duglas Luis 84-nji minutda 11 metrlik jerime urgusyny dürs ýerine ýetirip bilmedi.
Jogap duşuşygy 10-njy maýa geçilýän gije (Aşg. wagty bilen) geçiriler.

Florensiýada "Artemio Franki" stadionynda "Fiorentina" "Brýuggeden" üstün çykdy (3:2). Rikkardo Sottil (5) we Andrea Belotti (37) italýan klubuny öňe çykardy. "Brýugge" 11 metrlik jerime urgusyndan (Hans Wanaken, 17) we bir oýunçysy ýetmeýän wagty gol geçirip (Igor Týago, 63) hasaby deňledi. Emma ahyrynda Mbala N'Zola (90+1) italýan toparyna ýeňiş getirdi.
Bularyň arasynda jogap duşuşygy Belgiýada 8-nji maýda Aşgabat wagty bilen 21:45-de geçiriler.


düýn 13:51
7.9k+

DÇ – 2026: Dembele hettrik etdi, Kabo-Werde taryha öwrülýär, Eýran welin, Müsürden asgyn geldi...

Futbol boýunça 2026-njy ýylyň Dünýä çempionatynda G, H we I toparlarynda iň soňky – 3-nji tapgyryň oýunlary tamamlandy. Bu duşuşyklaryň netijelerine görä, toparçalardaky jemleýji orunlar we 1/16 ahyrky tapgyra......

26.06.2026 14:33
12k+

DÇ-2026:  Germaniýa Ekwadordan, ABŞ - Türkiýeden ýeňlip, öňe barýarlar

Futbol boýunça dünýä çempionaty barha we barha gyzyşýar. E, F we D toparçalarynda iň soňky, ýagny 3-nji tapgyryň oýunlary tamamlandy. Bu duşuşyklaryň netijelerine görä, toparlaryň ýaryş jetwelindäki gutarnykly......

25.06.2026 13:40
9.3k+

DÇ-2026: Winisius bombardirleriň bäsleşigine goşuldy, Marokkodan goşa kambek

Futbol boýunça dünýä çempionatynyň tüýs gyzgalaňly pursatlary dowam edýär. A, B we C toparçalarynda iň soňky, ýagny 3-nji tapgyryň oýunlary tamamlandy. Bu duşuşyklaryň netijelerine görä, toparlaryň ýaryş......

24.06.2026 22:49
8.1k+

DÇ-2026: Pleý-off tapgyrynyň öňüsyrasynda toparçalardaky ýagdaý nähili? Kim gider, kim galar?

Futbol boýunça 23-nji dünýä çempionatynyň toparçalaýyn tapgyrynyň iň jogapkärli – 3-nji tapgyry başlanýar. Köp ýygyndylar üçin bu ädim pleý-offa (1/16 finala) çykmagyň soňky mümkinçiligi. A käbirleri eýýämden......