Xiaomi futbol janköýerleri üçin smartfon anons etdi

  • 08.05.2024 22:25
  • 7.3k+

Xiaomi kompaniýasy Redmi Note 13 Pro+ World Champions Edition smartfonynyň çäkli çykyşyny anons etdi. Argentinanyň Futbol Assosiasiýasy (AFA) bilen hyzmatdaşlykda döredilen täze gurluş özboluşly dizaýny we kolleksion gutusy bilen öwnüp biler diýip, Gizmochina ýazýar.

Model Argentinanyň gök-ak zolaklary we AFA-nyň logotipleri bilen bezeldi. Gutuda 2022-nji ýylda Katarda geçirilen futbol boýunça dünýä çempionatynda birinji orny eýelän toparyň düzüminden Anhel Di Mariýanyň, Emiliano Martinesiň we Rodrigo De Poluň keşpleri şekillendirilen. Topluma belli nyşan bilen bezelen zarýad beriji, kabel, SIM-karty aýyrmak üçin enjam we çempionlaryň sanawy bolan ýörite kartoçka girýär. Temalar we oboýlar hem stilleşdirilendir.
Smartfonyň yzky panelinde Argentinanyň milli reňkleri we milli ýygyndynyň kapitany Lionel Messiniň köýnekçe belgisi bar. Galan ýagdaýlarda smartfon adaty Redmi Note 13 Pro+ bilen deňdir. 


Redmi Note 13 Pro+ World Champions Edition smartfonynyň tehniki aýratynlyklary:

  • ·Ekran: 6,67 dýuým, OLED, 2712 х 1220 piksel, 120 Gs, 1800 nite çenli, Gorilla Glass Victus;
  • ·Prosessor: MediaTek Dimensity 7200-Ultra;
  • ·Ýat: 12 GB operatiw LPDDR5, 512 GB içerki UFS 3.1;
  • ·Kamera: esasy 200 Mp, ultra-giň burçly 8 Mp, makro 2 Mp, frontal 16 Mp;
  • ·Akkumulýator: 5000 mAs, çalt zarýad beriş 120 Wt;
  • ·OS:  Android 14-üň binýadynda HyperOS.

Smartfon tozandan we suwdan IP68 gorag derejesine eýedir. Iki SIM-kart, 5G, Wi-Fi 6E, Bluetooth 5.3, GNSS, NFC we USB-C elýeterli. Täze model Hindistanyň bazarynda 34 999 rupiýa baha bilen çykarylar. Satuwyň başlanmagy 15-nji maýa meýilleşdirilýär.


düýn 15:47
7.6k+

Şakira, labubu we astekler: DÇ-2026-nyň açylyş dabarasy nähili geçdi (FOTO)

Meksikanyň paýtagtyndaky «Asteka» stadionynda futbol boýunça dünýä çempionatynyň açylyş dabarasy boldy we ol ýaryşyň ilkinji resmi duşuşygynyň öňüsyrasynda guraldy. Bu uly şüweleň, esasan, iki bölege bölündi....

08.06.2026 16:29
4k+

FIFA 2026-njy ýyldaky dünýä çempionatynyň resmi saz albomyny çykardy

FIFA 2026-njy ýyldaky futbol boýunça dünýä çempionatynyň resmi saz albomyny tanyşdyrdy. Ýygynda dürli ýurtlardan bolan ýerine ýetirijiler tarapyndan ýazylan 18 sany kompozisiýa girdi....

05.06.2026 07:28
8.4k+

Nike Dünýä çempionaty – 2026 üçin gyzykly 6 minutlyk wideofilminde futbol ýyldyzlaryny jemledi

Nike kompaniýasy öňümizdäki 2026-njy ýylyň futbol boýunça Dünýä çempionatyna bagyşlanan «Ssenariýany täzeden ýazmak» («Rip the Script») atly 6 minutlyk täsirli mahabat filmini tanyşdyrdy. Bu wideorolikde......

28.05.2026 19:36
12k+

ABŞ-nyň prokurorlary DÇ-2026-nyň biletleriniň gymmatlamagy boýunça derňew geçirýärler

Nýu-Ýork we Nýu-Jersi ştatlarynyň baş prokurorlary 2026-njy ýyldaky dünýä çempionatynyň biletleriniň satylmagy bilen baglylykda FIFA-nyň üstünden derňew işini başladylar....