Apple iOS 18-de gurnalan köp sanly goşundylary we funksiýalary täzelär

  • 02.05.2024 15:58
  • 6.6k+

iOS 18 soňky ýyllarda operasiýa ulgamynyň iň möhüm täzelenmelerinden biri bolar diýlip garaşylýar. Bloomberg-iň žurnalisti Mark Gurmanyň sözlerine görä, Apple “Bellikler”, “Poçta”, “Suratlar” we “Fitnes” ýaly meşhur programmalary täzelär.

“Bellikler” matematiki deňlemeleri we ses belliklerini döretmek aýratynlygyny goldap biler. Şeýle hem “Poçta” işleýşini gowulandyrmaga gönükdirilen birnäçe üýtgeşmeleri başdan geçirer. Gürrüňlere görä, “Suratlar”-a täze redaktirleme gurallary we suratlar bilen işlemek üçin funksiýalar goşular.
Mundan başga-da, iOS 18, Siri-ni has akylly we has amatly eder ýaly, neýroset üçin goldaw alyp biler. Şeýle-de, insaýderler iPhone-nyň esasy ekranyny kastomizirlemek mümkinçiliginiň boljakdygyny, munuň bolsa ulanyjylara amaly programmalary islendik tertipde ýerleşdirmäge mümkinçilik berjekdigini habar berýärler. 
“Kalkulýator” hem  täze funksiýalary alar, bu ilkinji gezek iPad planşetlerinde peýda bolar.
iOS 18-iň resmi tanyşdyrylyşynyň iýun aýynyň başynda WWDC 2024-de bolmagyna garaşylýar.
Ondan öň, 7-nji maýda Apple täze iPad Pro we iPad Air planşetleriniň, şeýle hem olar üçin esbaplaryň tanyşdyrylyş dabarasyny geçirer.


16.05.2026 11:20
4.1k+

Stiw Jobs hümmeti 1 dollar bolan täze teňňäniň ýüzi boldy

ABŞ-nyň Zikgehanasy Apple kompaniýasynyň esaslandyryjylarynyň biri Stiw Jobsa bagyşlanan, hümmeti 1 dollar bolan ýadygärlik teňňesini resmi taýdan satuwa çykardy. Bu teňňe barada geçen ýyl yglan edilipdi....

07.05.2026 21:13
3k+

Apple “akylly” Siri-ni gijikdirendigi üçin iPhone 16 we iPhone 15 Pro-nyň eýelerine 250 million dollar tölär

Apple kompaniýasy Siri ses kömekçisiniň emeli aň (AI) funksiýalary bilen enjamlaşdyrylan täze görnüşiniň gijikdirilmegi zerarly ABŞ-da gozgalan köpçülikleýin kazyýet işini ýatyrmak üçin 250 million dollar......

11.04.2026 14:59
8.1k+

Dünýäde iň geçginli smartfonlaryň 10-lugyna birbada 5 sany iPhone girdi

2025-nji ýylyň dördünji çärýeginde dünýäde iň köp satylan 10 modeliň arasynda iPhone smartfonlary bäş orny eýeledi. Muňa Counterpoint Research kompaniýasynyň maglumatlary şaýatlyk edýär....

13.03.2026 16:33
3.2k+

Tim Kuk Apple ulanyjylaryna ýüzlendi: «Elli ýyl ozal kiçijik bir garažda uly pikir dünýä indi…»

2026-njy ýylyň 1-nji aprelinde Apple kompaniýasynyň döredilenine 50 ýyl dolýar we kompaniýa bu sene mynasybetli birnäçe çäreleri hem-de uly tanyşdyryşlary taýýarlaýar. Apple-iň baş direktory Tim Kuk bu möhüm senäniň gelerine garaşyp durman, kompaniýanyň saýtynda Apple-iň enjamlaryndan we hyzmatlaryndan peýdalanýanlaryň ählisine gönükdirilen açyk haty çap etdi...