Türkmenistanyň Prezidenti we Halk Maslahatynyň Başlygy Çynar Rustemowany 70 ýaş toýy bilen gutladylar

  • 02.05.2024 12:22
  • 34k+

Prezident Serdar Berdimuhamedow  we türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Gahrymany Çynar Rustemowany doglan güni bilen gutladylar.

“Siz uzak ýyllaryň dowamynda ak ýürekli, yhlasly we halal zähmet çekip, ussat diplomat hökmünde eziz Watanymyzyň gülläp ösmegine, ýurdumyz bilen beýleki döwletleriň arasyndaky dostlukly, hoşniýetli, özara bähbitli gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagyna, Türkmenistanyň bütin dünýäde abraýynyň has-da artmagyna mynasyp goşant goşup gelýärsiňiz. Siz özüňizi Watanymyza, mähriban halkymyza wepaly ynsan, ussat diplomat, işbaşarjaň, guramaçy, talap ediji ýolbaşçy hökmünde görkezmegi başardyňyz. Özüňize ynanylan wezipeleri borjuňyza ýokary derejede düşünip, ak ýürekden, nusga alarlyk derejede ýerine ýetirdiňiz.
Siz ýurdumyzyň diplomatik gullugynyň ýokary hünärli işgärler bilen üpjün edilmegine aýratyn üns berýärsiňiz. Bu ugurda baý durmuş we iş tejribäňizi ýaşlara öwretmek boýunça zerur işleri alyp barýarsyňyz. Tejribeli diplomat hökmünde milli diplomatik işgärleri terbiýeläp ýetişdirmäge-de öz şahsy goşandyňyzy goşýarsyňyz. Siziň köp ýyllaryň dowamynda çeken halal, ak ýürekli, tutanýerli zähmetiňize eziz Watanymyz, mähriban halkymyz ýokary baha berdi. Siz köp sanly döwlet sylaglary bilen bir hatarda, Türkmenistanyň Gahrymany diýen belent ada mynasyp bolduňyz. Gazanan bu üstünlikleriňiz guwanylmaga mynasypdyr.
Siz özüňize ynanylan islendik wezipede yhlasly, halal zähmet çekip, ýaş nesillere nusgalyk görelde bolýarsyňyz. Netijede, görnükli diplomat hökmünde ýurdumyzyň diplomatik gullugynyň işgärleriniň arasynda örän uly abraý gazandyňyz” diýip, döwlet Baştutany gutlag hatynda belledi.
“Siz ata Watanymyza köp ýyllap yhlas bilen, tutanýerli hyzmat etdiňiz. Uzak ýyllaryň dowamynda halal zähmet çekip, ýurdumyzyň gülläp ösmegi, dünýäniň ösen, öňdebaryjy döwletleriniň hataryna goşulmagy, mähriban halkymyzyň abadan we bagtyýar durmuşda ýaşamagy ugrunda alnyp barylýan tutumly işlere mynasyp goşant goşduňyz. Ussat diplomat hökmünde Garaşsyz döwletimiziň dünýä ýurtlary bilen özara bähbitli, netijeli hyzmatdaşlygyny ösdürmäge, dost-doganlyk gatnaşyklaryny ilerletmäge çalyşdyňyz. Bitarap Türkmenistanyň Ýer ýüzündäki abraý-mertebesini ýokarlandyrmakda netijeli işleri amala aşyrdyňyz. Haýsy wezipede işleseňiz-de, mähriban Watanymyza, eziz halkymyza wepaly hyzmat etmegiň ajaýyp nusgasyny görkezdiňiz.
Siz tejribeli we ussat diplomat hökmünde ýurdumyzyň ýaş diplomatik işgärlerini terbiýeläp ýetişdirmekde, öz baý tejribäňizi olara öwretmekde hem köp işleri bitirdiňiz. Häzirki döwürde-de yhlasly zähmetiňiz bilen ýurdumyzyň ösüşine mynasyp goşant goşýarsyňyz.
Watanymyz Siziň uzak ýyllaryň dowamynda çeken halal we yhlasly zähmetiňize ýokary baha berdi. Siz ýurdumyzyň köp sanly döwlet sylaglaryna, şeýle-de Türkmenistanyň Gahrymany diýen belent ada mynasyp bolduňyz. Bu ýokary sylaglar Siziň eziz Watanymyzyň, mähriban halkymyzyň öňünde bitiren asylly işleriňize şaýatlyk edýär. Halkymyzyň öz zähmetsöýer gyzyna bolan buýsanjyny artdyrýar” diýip, türkmen halkynyň Milli Lideri gutlag hatynda belledi.

Gurbanguly Berdimuhamedow we Serdar Berdimuhamedow Çynar Rustemowany şanly ýubileýi bilen ýene-de bir gezek mähirli gutlap, oňa berk jan saglyk, uzak ömür, abadan we bagtyýar durmuş, Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiziň Ýer ýüzündäki abraý-mertebesini mundan beýläk-de ýokarlandyrmak ugrunda amala aşyrýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdiler.


düýn 22:09
671

Türkmenistanyň wekiliýeti Daşkentde geçirilen TIIF-2026 maýa goýum forumyna gatnaşdy

Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministri N.Agahanowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti 16—18-nji iýun aralygynda Özbegistanyň paýtagtynda geçirilen bäşinji Daşkent halkara maýa goýum......

düýn 18:14
535

Aşgabatda türkmen-slowak bilelikdäki toparynyň birinji mejlisi geçirilýär

17-nji iýunda Aşgabatda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-slowak bilelikdäki toparynyň birinji mejlisi öz işine başlady. Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň habar bermegine görä, bu çärä gatnaşmak......

düýn 12:31
3.9k+

Serdar Berdimuhamedow Ahal welaýatynda galla oragynyň barşy bilen tanyşdy

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Ahal welaýatyna iş saparyny amala aşyryp, sebitde dowam edýän galla oragynyň barşy bilen tanyşdy. Bu barada TDH habar berýär....

düýn 09:55
653

Türkmenistan «MA – Koreýa Respublikasy» birinji sammitiniň taýýarlyk işlerine gatnaşdy

16-njy iýunda Daşkent şäherinde Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow «Merkezi Aziýa – Koreýa Respublikasy» formatyndaky döwlet Baştutanlarynyň birinji sammitine taýýarlyk görmek......