400 ýyllyk däp: Tokioda aglaýan bäbekleriň festiwaly geçirildi

  • 01.05.2024 14:20
  • 28k+

Ýaponiýanyň paýtagtyndaky Senso-dzi buddizm ybadathanasynda aglaýan bäbekleriň festiwaly diýlip tanalýan her ýylky Naki-sumo festiwaly geçirildi. “Mir24”-iň habar bermegine görä, bu şowhunly ýaryşa bir ýaşa çenli çagalaryň 100-den gowragy gatnaşdy.

Ýapon ynanjyna görä, çaganyň aglaýşy näçe güýçli bolsa, ol şonça-da sagdyn we güýçli bolýar hem-de onuň agysy erbet ruhlary kowýar. Şonuň üçin ene-atalar 400 ýyl bäri ýapon medeniýetiniň möhüm bölegi bolup durýan bu adaty bolmadyk bäsleşige çagalaryny höwes bilen getirýärler.
Bäsleşik şeýle dowam edýär: bäbekleri sumo pälwanlaryna tabşyrylýar, olaram dürli usullar bilen (ýüz-gözlerini gorkunç edip, howuňy basýan sesleri çykaryp we ş.m.) çagalary gaty aglamaga mejbur edýärler. Sumo pälwany islenýän netijäni gazanyp bilmese, bu işe şeýtanyň iniňi düýrükdirýän nikabyny geýen kazylar goşulýarlar.
Ilki aglan ýa-da iň dowamly we iň gaty aglan çaga ýeňiji bolýar.
Naki-sumonyň Ýaponiýada gaty meşhurdygyny we her ýyl köp sanly tomaşaçyny özüne çekýändigini bellemelidiris.


şu gün 11:45
1.6k+

Ýaponiýada ýitip giten kekeçli ibisler gaýtadan ýetişdirilip, ýabany tebigata goýberildi

Ýaponiýada soňky onlarça ýylyň dowamynda ilkinji gezek, ozal bu sebitde doly ýitip giden kekeçli ibis guşlarynyň sekizisi ýabany tebigata goýberildi. Dabaraly çäre Hakui şäherinde geçirildi. Bu guşlaryň iň......

28.05.2026 17:06
4.3k+

Ýaponiýa we Gazagystandaky BMGÖM Kaspi deňzi üçin 3 million dollar sarp edýär

Ýaponiýanyň Hökümeti we BMG-niň Ösüş Maksatnamasy (BMGÖM) Gazagystanda Kaspi deňziniň suwunyň derejesiniň peselmegine garşy çärelere gönükdirilen 3 million dollar gymmatyndaky täze taslama badalga berýärler....

27.05.2026 10:18
8.9k+

Ýaponiýada 1200 ýyllap ýanyp duran «Ebedi ot» ybadathanasyny ot aldy

Ýaponiýanyň Miýadzima adasynda ýüze çykan uly ýangyn netijesinde 806-njy ýyldan bäri (1200 ýyldan gowrak wagt) dowamly ýanyp duran ebedi ody öz içinde saklaýan meşhur «Reýkado» ybadathanasy doly ýanyp, kül......

14.05.2026 14:43
2.3k+

Tokioda Ýaponiýanyň iň beýik gökdiräni — Torch Tower binasy gurulýar

Tokioda Ýaponiýanyň iň beýik binasy boljak «Torch Tower» diňiniň gurluşygy batly depginler bilen dowam edýär. Bu gökdirän diňe bir beýikligi bilen däl, eýsem binalaryň içerki meýdany boýunça hem dünýäde......