"Bawariýa" - "Real": Şu gün Çempionlar ligasynyň ýarym finalynyň birinji duşuşygy geçiriler

  • 30.04.2024 12:01
  • 10k+

Şu gün ýarygije UEFA çempionlar ligasynyň ilkinji ýarym final duşuşyklary başlanýar. Birinji oýunda Mýunheniň "Bawariýasy" bilen Madridiň "Realy" duşuşar.

Klublaryň ikisi hem çärýek finalda iňlis klublaryny ýaryşdan çykardylar. Nemes kluby "Arsenaly", madridliler bolsa "Mançester Sitini" geçdiler.
Şu günki duşuşyk "Alýans Arenada" geçiriler we 1-nji maýa geçilýän gije 00:00-da (Aşgabat wagty bilen) başlanar.
2-nji maýa geçilýän gije Dortmundyň "Borussiýasy" "Pari Sen-Žermeni" kabul eder.
Jogap duşuşyklary 8-9-njy maýa  geçilýän gijelere (Aşg. wagty bilen) meýilleşdirildi.
Çempionlar ligasynyň 2023/2024 möwsüminiň finaly Londonda "Uembli" stadionynda 1-nji iýunda geçiriler.


şu gün 10:24
3k+

Iraola resmi taýdan «Liwerpulyň» baş tälimçisi boldy, ýöne şertnamanyň möhleti aýdylmady

«Liwerpul» futbol kluby 43 ýaşly ispan hünärmeni Andoni Iraolanyň toparyň baş tälimçisi wezipesine bellenilendigini resmi taýdan yglan etdi. Şol bir wagtda, mersisaýdlylar täze halypa bilen baglaşylan......

şu gün 08:15
2.6k+

Dewid Bekhem Holliwudyň «Şöhrat alleýasynda» ýyldyz alar

Futbol boýunça Angliýanyň milli ýygyndysynyň öňki kapitany Dewid Bekhem Golliwudyň «Şöhrat alleýasynda» ady ýazylan ýyldyza eýe bolar. Bu barada Holliwudyň Söwda palatasy habar berdi....

düýn 15:52
7.9k+

Transfermarkt: Abdukodir Husanow Aziýanyň iň gymmat futbolçysy

«Mançester Siti» toparynyň we Özbegistanyň milli ýygyndysynyň goragçysy Abdukodir Husanow Transfermarkt internet portalynyň täze maglumatlaryna görä, Aziýanyň iň gymmat bahaly futbolçysyna öwrüldi. Portal......

04.06.2026 23:46
5.1k+

Barselona kazyýeti Žoan Laporta garşy gozgalan işi ýapdy: ähli aýyplamalar aýryldy

Barselonanyň sebit kazyýeti «Barselona» futbol klubunyň prezidenti Žoan Laporta garşy «Core Store» we «CSSB Limited» kompaniýalarynyň taslamalaryna maýa goýumlary bilen baglanyşykly galplyk aýyplamalary......