Honor 2024-nji ýylyň birinji çärýeginde Hytaýda iň geçginli smartfon boldy

  • 30.04.2024 10:12
  • 6.7k+

Honor brendi 2024-nji ýylyň birinji çärýeginde Hytaýyň smartfon bazarynyň lideri boldy. Muňa IDC analitiki kompaniýasynyň hasabaty şaýatlyk edýär.

Birinji çärýekde Hytaýda smartfon satuwy 69,3 mln birlige ýetip, 6,5% ösüş gazandy. Şol bir wagtda Honor smartfonlarynyň satuwy görnetin artyp, ýyllyk aňlatmada Android bazarynyň ösüşini 9,3% üpjün etdi.
Honor-yň üstünligini brendiň önümleriniň giň toplumynyň hem-de emeli aňyň öňdebaryjy funksiýalary bilen üpjün edilen Magic 6 seriýasynyň netijesi hasaplaýarlar.
Satuwy boýunça ikinji orny Huawei eýeledi, ondan soňra Oppo, Apple we Vivo gelýär.


27.05.2026 15:34
2.3k+

Dört aýda 5,7 million sany Huawei Mate 80 satyldy

Huawei Mate 80 hatarynyň smartfonlarynyň satuwy çykandan bäri geçen dört aýyň içinde 5,7 million enjamdan geçdi. Bu barada pudaklaýyn analitik @RDObservation habar berdi....

25.05.2026 15:22
3.6k+

Hytaýda Huawei Mate 80-i ýere degirmän alýarlar: satuwlar 6 milliondan geçdi

Hytaýda «Huawei Mate 80» seriýaly smartfonlaryň satuwy 6 milliondan geçdi. Kompaniýanyň maglumatlaryna görä, 6 million 93 müň 500 sany smartfon satyldy we bu görkeziji artmagyny dowam etdirýär....

20.05.2026 11:34
4.6k+

Lewandowski Chery awtobrendiniň global ilçisi boldy

«Barselonanyň» hüjümçisi Robert Lewandowski Hytaýyň Chery awtokompaniýasynyň dünýä derejeli global ilçisi boldy....

14.05.2026 12:04
2.8k+

Xiaomi 17-niň satuwy 5 million enjama golaýlady

2026-njy ýylyň 18-nji hepdesine çenli Xiaomi 17 seriýasynyň satuwy 5 million enjama golaýlady, emma bu görkezijiler Hytaý bazarynda iPhone 17-niň netijelerinden ep-esli pes bolmagynda galýar....