iPhone satuwy soňky alty ýylda iň pes derejäni görkezdi

  • 29.04.2024 15:24
  • 7.6k+

Consumer Intelligence Research Partners (CIRP) portalynyň analitikleri ABŞ-da iPhone satuwynyň 33%-e çenli peselendigini hasaba aldylar. Bu soňky alty ýylyň içinde iň pes görkezijidir diýip, Appleinsider neşiri ýazýar.

Android enjamlarynyň meşhurlygy artýar, iPhone smartfonlarynyň eýeleri bolsa has düýpli täzelenmelere garaşmagy saýlap alyp, enjamlaryny seýrek çalyşýarlar.
Şular ýaly kanunalaýyklyga Hytaýda hem gözegçilik edilýär. Counterpoint Research-iň maglumatlaryna görä, iPhone satuwy 2024-nji ýylyň birinji çärýeginde geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 19% aşak düşdi. Muňa Huawei we Xiaomi ýaly ýerli öndürijileriň üstünligi täsir etdi. Bu kompaniýalaryň smartfonlary gymmat bahaly smartfon bazarynda meşhurlygyny artdyrýar.
Bilermenler iPhone satuwynyň peselmeginiň wagtlaýyn hadysadygy ýa-da bazarda uzakmöhletleýin üýtgeşmeleri aňladýandygy barada heniz anyk pikir aýdyp bilenoklar.


19.06.2026 14:20
3.1k+

Tim Kuk Apple önümleriniň gymmatlajakdygyny duýdurdy

Apple kompaniýasynyň baş direktory Tim Kuk ýat we saklaýjy çipleriň bahasynyň ýokarlanmagy sebäpli kompaniýanyň önümleriniň gymmatlajakdygyny duýdurdy....

12.06.2026 23:59
2.1k+

Ylalaşyk ýatyrylýar: Meta 2 milliard dollarlyk Manus startapyny satyn almakdan ýüz öwürdi

Amerikanyň Meta korporasiýasy Hytaý häkimiýetleriniň talap etmegi netijesinde, 2 milliard dollarlyk Manus startapyny satyn almak baradaky ylalaşygy bozmak işine başlady. CNBC agentliginiň maglumatyna görä,......

27.05.2026 15:34
2.7k+

Dört aýda 5,7 million sany Huawei Mate 80 satyldy

Huawei Mate 80 hatarynyň smartfonlarynyň satuwy çykandan bäri geçen dört aýyň içinde 5,7 million enjamdan geçdi. Bu barada pudaklaýyn analitik @RDObservation habar berdi....

25.05.2026 15:22
3.8k+

Hytaýda Huawei Mate 80-i ýere degirmän alýarlar: satuwlar 6 milliondan geçdi

Hytaýda «Huawei Mate 80» seriýaly smartfonlaryň satuwy 6 milliondan geçdi. Kompaniýanyň maglumatlaryna görä, 6 million 93 müň 500 sany smartfon satyldy we bu görkeziji artmagyny dowam etdirýär....