Panda diplomatiýasy: Hytaý 10 ýyllyk möhlet bilen Amerikanyň haýwanat bagyna iki panda iberer

  • 28.04.2024 23:30
  • 13k+

Bambuk aýylaryny goramak boýunça 10 ýyllyk halkara hyzmatdaşlyk maksatnamasynyň çäginde Hytaý ABŞ San-Diýegonyň haýwanat bagyna bir jübüt pandany - erkek Ýun Çuan bilen ene Sin Baony iberer. Bu barada Hytaýyň Ýabany tebigaty goramak birleşigi (CWCA) habar berdi diýip, TASS habar berýär .

Ozal bu haýwanlar Hytaýyň uly pandany gorap saklamak we öwreniş merkezinde ýaşaýardy. Merkez San-Diýegonyň haýwanat bagy bilen indi 25 ýyldan gowrak wagt bäri ylmy gözlegler boýunça hyzmatdaşlyk edýär, şonuň üçin Hytaýyň Amerikanyň haýwanat baglaryna panda iberişi ilkinji gezek däl. 2023-nji ýylyň noýabr aýynda Meý Sýan, Týan Týan we olaryň çagasy Sýao Siszi Waşingtondan Çendu şäherine gaýtaryldy. ABŞ-da 23 ýyl ýaşan döwründe bu jübüt panda dört çaga dogurdy, üçüsi eýýäm Hytaýa iberildi.
Uly panda Hytaýyň milli nyşany bolup, hökümet tarapyndan goralýar. Bu haýwanlary beýleki ýurtlara geçirmek bireýýäm "panda diplomatiýasy" diýlip atlandyrylýan diplomatik däbe öwrüldi.
Häzirki wagtda 1800 töweregi uly panda ýabany tebigatda, esasan, Siçuan welaýatynyň daglyk ýerlerinde ýaşaýar. Ýene 180 töweregi panda pandahanalarda  we haýwanat baglarynda saklanýar. Hytaý 2025-nji ýyla çenli tebigatda pandalaryň umumy sanyny 2000-e ýetirmegi meýilleşdirýär.


şu gün 11:17
19

Hytaýda Min nesilşalygynyň synmagy Filippinlerdäki tebigy betbagtçylyk bilen baglanyşdyryldy

Filippinlerde 1640-njy ýylda bolup geçen Parker wulkanynyň atylmagy Hytaýda Min nesilşalygynyň synmagyna täsir eden esasy şertleriň biri bolup biler. Bern uniwersitetiniň Taryh institutynyň gözlegçisi Riçard......

şu gün 10:28
185

Mejlisde Hytaýyň ilçisi bilen duşuşyk geçirildi

Türkmenistanyň Mejlisinde milli Parlamentiň wekilleriniň Hytaý Halk Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi bilen duşuşygy boldy. Bu barada Mejlisiň metbugat gullugy habar berýär....

15.06.2026 12:34
1.5k+

Paramount-yň Warner Bros.Discovery-ny satyn almagyna ýene bir böwet aradan aýryldy

ABŞ-nyň Adalat ministrligi Paramount Skydance kompaniýasy tarapyndan Warner Bros. Discovery-ny satyn almak boýunça 111 milliard dollarlyk şertnamany makullady....

13.06.2026 09:33
10k+

Eger ABŞ DÇ-2026-da ýeňiji bolsa, Jeep 100 sany wnedorožnigi sowgat berer. Emma birje ýönesi bar...

Amerikanyň Jeep brendi Futbol boýunça dünýä çempionatynyň şanyna adaty bolmadyk watançylyk mahabat kampaniýasyny başlady. Kompaniýa eger ABŞ-nyň topary çempionatda ýeňiş gazansa, 100 sany Jeep Wrangler......