Xiaomi 15 iň güýçli Snapdragon 8 Gen 4 prosessoryny alan ilkinji smartfon bolar

  • 28.04.2024 19:51
  • 6.4k+

Xiaomi 15 smartfonlary iň täze flagman Qualcomm Snapdragon 8 Gen 4 prosessor bilen enjamlaşdyrylan ilkinji enjam bolup biler diýip, GSM Arena neşiri habar berýär.

Insaýderiň maglumatyna görä, Xiaomi Qualcomm bilen aýratyn şertnama baglaşyp, çipe ileri tutulýan elýeterlilik aldy.
Xiaomi 15 we 15 Pro 2024-nji ýylyň ahyrynda satuwa çykarylar we soňra Snapdragon 8 Gen 4 OnePlus we iQOO ýaly beýleki öndürijiler üçin hem elýeterli bolar.
Xiaomi 15-iň dünýä derejesinde çykarylmagy üçin bildirişden soň birnäçe aý gerek bolsa gerek.
Täze Snapdragon 8 Gen 4 prosessory öňki nesline garanyňda smartfonuň öndürijiliginiň ep-esli gowulanmagyny üpjün eder.


22.02.2026 01:33
3.8k+

Xiaomi-niň ýolbaşçysy täze Xiaomi 17 Ultra-nyň kamerasynyň mümkinçiliklerini görkezdi

Xiaomi korporasiýasynyň ýolbaşçysy Lu Weýbing Xiaomi 17 Ultra flagman smartfonynyň dünýä derejesindäki tanyşdyrylyşynyň öňüsyrasynda enjamyň kamerasynda düşürilen täze suratlary paýlaşdy. Smartfonyň resmi tanyşdyrylyşy "MWC 2026" sergisiniň öňüsyrasynda, 2026-njy ýylyň 28-nji fewralynda bolar...

14.02.2026 18:43
1.4k+

Baýramçylyk arakesmesi: Xiaomi Hytaý täze ýyly sebäpli HyperOS täzelenmelerini wagtlaýyn duruzdy

Xiaomi kompaniýasy Hytaýda bellenilýän täze ýyl baýramçylygy bilen baglylykda HyperOS programma üpjünçiliginiň täzelenmelerini çykarmagy wagtlaýynça bes edýär. Bu barada XiaomiTime tehnologiýa resursy habar berýär...

06.02.2026 09:00
1.4k+

HyperOS Android-iň köne kodlaryndan saplanýar: Xiaomi öz operasion ulgamyny çykarar

Xiaomi kompaniýasy özüniň HyperOS operasion ulgamyny düýpli täzeläp, onuň düzümindäki könelen Android kodlaryny hususy komponentleri bilen çalşyrmagy meýilleşdirýär. Bu barada belli tehnologiýa insaýderi «Digital Chat Station» habar berýär...

21.01.2026 10:50
2.2k+

Xiaomi smartfonlar üçin örän inçe daşky akkumulýatory çykardy

Xiaomi smartfonlar bilen gündelik ulanmak üçin magnitli ultra inçe daşky akkumulýatory hödürledi. Aksessuar bazarda iň ykjam magnit pauerbanklarynyň hataryna girýär. Akkumulýatoryň ýogynlygy 6 mm, agramy 98 g barabar...