Türkmenistan BSG agza bolmagyň ugrunda: Hökümet toparyň mejlisi geçirildi

  • 27.04.2024 23:06
  • 4.7k+

26-njy aprelde Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Türkmenistanyň Bütindünýä Söwda Guramasyna (BSG) agza bolmagy bilen bagly meseleleri öwrenmek boýunça Hökümet toparynyň nobatdaky mejlisi geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-inde habar berdiler.

Mejlisiň işine Türkmenistanyň degişli ministrliklerinden we pudak edaralaryndan Hökümet toparynyň agzalary gatnaşdylar.
Mejlisiň çäklerinde gatnaşyjylar Türkmenistanyň hökümeti bilen BSG-niň arasyndaky işjeň gatnaşyklaryň aýratyn ähmiýetini bellediler.
Duşuşygyň dowamynda gatnaşyjylar Hökümet komissiýasynyň 2023-nji ýylda amala aşyran işleriniň netijelerini gözden geçirdiler we 2024-nji ýyl üçin gün tertibini kesgitlediler.
Duşuşyga gatnaşyjylar 2020-nji ýylyň iýul aýynda Türkmenistanyň synçy derejesini alandygyny, 2022-nji ýylyň fewral aýynda BSG-niň Ženewada geçirilen Baş Geňeşiniň nobatdaky mejlisinde ýurdumyzyň BSG-niň doly agzasy bolmak üçin ýüz tutmagynyň netijesinde Türkmenistana BSG-na goşulyşýan döwlet (“işjeň synçy”) derejesini bermek hakynda karara gelnendigini nazara alyp, geljekki hyzmatdaşlyga degişli birnäçe meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar, şeýle hem BSG-niň Sekretariaty bilen hyzmatdaşlygy giňeltmek barada pikir hem-de teklip alyşdylar.


düýn 19:38
2.9k+

Raşid Meredow ukrain diplomatlary bilen duşuşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Ukrainanyň daşary işler ministriniň orunbasary Oleksandr Mişenko we Ukrainanyň Daşary işler ministrliginiň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen......

düýn 19:26
1.2k+

Daşary işler ministrleriniň orunbasarlary derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi

25-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi. Bu barada ministrligiň metbugat gullugy habar......

26.06.2026 20:55
2.8k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

25.06.2026 19:25
1.3k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......