Hytaýda iPhone 15-iň bahasy 7 aýda 25% arzanlady

  • 27.04.2024 22:53
  • 8.2k+

Hytaýda iPhone 15 çykandan bäri ýedi aýyň içinde onuň ýurtdaky bahasy 25% arzanlady. Häzir onuň 128 Gb ýady bolan esasy modeliniň bahasy 620 dollar, başlangyç bahasy 830 dollardy diýip, ITHome-e salgylanýan IXBT ýazýar.

Bahalaryň arzanlamagy Hytaýda iPhone-a bolan islegiň peselmeginiň netijesidir. Iň soňky maglumatlara görä, Apple-iň sebitdäki satuwy 19 göterim pese gaçdy, bu 2020-nji ýylda COVID-19 pandemiýasyndan bäri iň erbet görkeziji hasaplanýar.
Şol bir wagtyň özünde, Huawei geçen ýyl bilen deňeşdirilende, 69,7 göterim ösüş gazanyp, bazardaky paýyny 15,5 göterime çenli ýokarlandyrdy, Apple-iň paýy bolsa 15,7 göterime çenli azaldy.
iPhone 15-i ilki satylyp başlanan mahaly alan alyjylaryň aglabasy ony howlugyp satyn almak bilen, 200 dollar tygşytlap bilmändiklerine gynanýarlar.


19.06.2026 14:20
3k+

Tim Kuk Apple önümleriniň gymmatlajakdygyny duýdurdy

Apple kompaniýasynyň baş direktory Tim Kuk ýat we saklaýjy çipleriň bahasynyň ýokarlanmagy sebäpli kompaniýanyň önümleriniň gymmatlajakdygyny duýdurdy....

12.06.2026 23:59
2.1k+

Ylalaşyk ýatyrylýar: Meta 2 milliard dollarlyk Manus startapyny satyn almakdan ýüz öwürdi

Amerikanyň Meta korporasiýasy Hytaý häkimiýetleriniň talap etmegi netijesinde, 2 milliard dollarlyk Manus startapyny satyn almak baradaky ylalaşygy bozmak işine başlady. CNBC agentliginiň maglumatyna görä,......

27.05.2026 15:34
2.7k+

Dört aýda 5,7 million sany Huawei Mate 80 satyldy

Huawei Mate 80 hatarynyň smartfonlarynyň satuwy çykandan bäri geçen dört aýyň içinde 5,7 million enjamdan geçdi. Bu barada pudaklaýyn analitik @RDObservation habar berdi....

25.05.2026 15:22
3.8k+

Hytaýda Huawei Mate 80-i ýere degirmän alýarlar: satuwlar 6 milliondan geçdi

Hytaýda «Huawei Mate 80» seriýaly smartfonlaryň satuwy 6 milliondan geçdi. Kompaniýanyň maglumatlaryna görä, 6 million 93 müň 500 sany smartfon satyldy we bu görkeziji artmagyny dowam etdirýär....