Apple-e munuň üçin 14 ýyl gerek boldy. Kompaniýa ahyrsoňy iPad üçin "Kalkulýator" hödürlär

  • 27.04.2024 11:16
  • 8.3k+

Apple kompaniýasynyň ilkinji iPad-y 2010-njy ýylda çykmak bilen, täze bazaryň kemala gelmegine we beýleki öndürijilerden hem köp sanly şuňa meňzeş önümleriň peýda bolmagyna itergi berdi. Şeýle-de bolsa, häzire çenli Apple iPad üçin "Kalkulýator" programmasyny näbelli sebäplere görä çykaryp bilmedi. Indi kompaniýanyň ahyrsoňy ýakyn wagtda bu programmany hödürlejekdigi barada maglumatlar bar. Bu barada ixbt.com portaly habar berýär.

Şeýlelikde, "Kalkulýator" programmasy şu ýyl gijräk iPadOS 18-de peýda bolar, anonsyň bolsa WWDC-de bolmagyna garaşylýar. Ýeri gelende häzirki wagtda iPadOS üçin köp sanly kalkulýatorlaryň bardygyny bellemek gerek, ýöne olaryň ählisi App Store-da ýüklenip alynýan üçünji tarap programmalardyr. Indi bolsa Apple 14 ýyldan soň iPadOS-da ilkibaşdan boljak "Kalkulýatory" hödürlär.
Apple-iň häzire çenli "Kalkulýatory" näme üçin çykarmandygy belli däl. Ýöne kompaniýanyň programma üpjünçiligini işläp taýýarlamak boýunça uly wise-prezidenti Kreýg Federigi birnäçe ýyl mundan öň kompaniýanyň ýeterlik derejede gowy programma taýýarlap bilmändigini aýdypdy. Indi bu oňa başardan bolsa gerek.


09.03.2026 19:31
1.1k+

Apple Music EA tarapyndan döredilen aýdym-saza bellik girizmäge başlar

Apple Music hyzmaty emeli aň arkaly döredilen kontente bellik goýmaga başlar. Bu barada NME neşiri habar berýär. Täze düzgünlere görä, distribýutorlar saz, tekst, klip ýa-da obložka döredilende emeli aňyň ulanylandygyny ýa-da ulanylmandygyny görkezmeli bolarlar...

02.03.2026 22:21
5.1k+

Apple arzan bahaly iPhone 17e modelini tanyşdyrdy: satuw 11-nji martda başlar

Apple kompaniýasy özüniň elýeterli smartfon hatarynyň täze modelini — iPhone 17e smartfonyny hödürledi. Täze model öňki iPhone 16e modeliniň dizaýnyny we ekranyň ölçegini saklap galdy. Hususan-da, smartfonda öňküsi ýaly ýokarsy gönüburç «oýukly» ekran ulanylýar...

27.02.2026 19:22
1.3k+

App Store dükanynda ulanyjylaryň ýaşyny tassyklaýan täze ulgamlar işe girizildi

Beýleki köp sanly iri kompaniýalaryň mysalyna eýerip, Apple dürli döwletleriň we sebitleriň kanunçylyk talaplaryna laýyk gelmek maksady bilen App Store dükanynda ulanyjynyň ýaşyny barlaýan ýörite gurallary işe girizdi...

27.02.2026 15:17
1.9k+

Apple düzüminde ýekeje işgäri bolan invrs.io startapyny satyn aldy

Apple kompaniýasy Ýewropanyň invrs.io startapyny satyn aldy. Bu geleşigiň iň gyzykly tarapy — startapda ýekeje adam işleýär, olam onuň esaslandyryjysy Martin Şubert. Indi ol öz işini Apple-de dowam etdirýär. Bu şertnama üçin amerikan kompaniýasynyň näçe pul çykarany mälim edilmedi...