Dynç günleri Ýer orta dereje magnit hadysasynyň täsiri astynda bolar

  • 27.04.2024 08:19
  • 10k+

TmCars-da öň habar berşimiz ýaly, 25-nji aprelde Ýere magnit hadysasy aralaşdyMeteoagent portalynyň hünärmenleriniň bellemegine görä, magnit hadysasy dynç günleri - 27-28-nji aprelde hem dowam eder. Ýeriň magnit meýdanynyň üýtgemegi bu hadysa garaşly adamlara täsir eder. Hünärmenler magnit hadysasynyň täsirlilik derejesine "orta" diýip baha berdiler.

Bu günlerde Günüň işjeňlik derejesiniň K-indeks 4-e (sary dereje) ýetmegine garaşylýar, bu bolsa orta dereje magnit hadysasyny aňladýar.
Magnit hadysasynyň täsirine, ilkinji nobatda, meteoduýgur we meteogaraşly adamlar, şeýle hem garrylar, göwreli zenanlar we hroniki keseli bolanlar düşer.
Magnit hadysasynyň täsir alamatlarynyň hataryna - kellagyry, basyşyň ýokarlanmagy, işjeňligiň peselmegi, hroniki keselleriň güýçlenmegi, şeýle hem fiziki we emosional ýadawlyk girýär.
Magnit täsirlerini ýeňil geçirmek üçin lukmanlar bu günlerde oňat ukynyň alynmagyny we iýmite aýratyn üns bermegi maslahat berýärler: ýagly hem ajy tagamlardan, alkogoldan we kofeden el çekmeli. Otlardan edilen çaý we köpräk suw içmek maslahat berilýär. Agyr fiziki işlerden saklanmak hem-de arassa howada gezelenç etmek gerek.
Ýokary geomagnit işjeňlik günlerinde emosional sarsgynlardan we stres ýagdaýlaryndan gaça duruň.


22.03.2026 16:34
4.1k+

Mart aýynyň ahyrynda iki meteor akymyny synlamak bolar

2026-njy ýylyň mart aýynyň ahyrynda Ýeriň ýaşaýjylary iki meteor ýagşyny — Gamma Normidleri we Eta Wirginidleri synlap bilerler. Birinjisi 28-nji marta çenli, ikinjisi bolsa 25-nji marta çenli işjeň bolar. Aýyň ýagtylygynyň gowşaklygy sebäpli olary arkaýyn synlap bolar...

21.03.2026 11:26
5.4k+

Gije bilen gündiziň deňleşen pursady: 20-nji martda Ýer ýaz paslyna «geçdi»

20-nji martda Türkmenistanyň wagty bilen takmynan sagat 19:46-da Ýer şary üçin kän bir bildirmeýän, ýöne planeta üçin düýpli ähmiýeti bolan pursat — ýazky gije-gündiz deňleşmesi boldy. Bu wagtda Gün asman ekwatoryny kesip geçýär we gije bilen gündiz deňleşýär: takmynan, 12 sagat gündiz we şonça sagat hem gije...

16.03.2026 16:46
8.1k+

Tebigat Ýer şarynyň badyny gowşadýar: gije-gündiziň dowamlylygy uzalýar

Howanyň üýtgemegi Ýeriň aýlanma tizligine täsir edýär we gije-gündiziň dowamlylygynyň artmagyna getirýär. Şeýle netijäni Wena uniwersitetiniň we Sýurih tehnologik institutynyň alymlary öňe sürýär. Olaryň berýän maglumatlaryna görä, häzirki wagtda gije-gündiz her ýüz ýylda, takmynan, 1,33 millisekunt uzalýar...

05.03.2026 07:02
4.9k+

2026-njy ýylyň ýeke-täk doly Aý tutulmasy: «Ganly Aý» dürli künjeklerde nähili göründi?

3-nji martda 2026-njy ýylyň ýeke-täk doly Aý tutulmasy boldy. Bu tebigy hadysa wagtynda Aý goýy gyzyl reňke eýe bolýar, şol sebäpli hem oňa, adatça, «Ganly Aý» diýilýär. Fotosuratçylar dünýäniň dürli künjeklerinde bu täsin pursaty surata düşürdi...