Günde dört partlama: Ýere geomagnit hadysasy aralaşyp biler

  • 24.04.2024 15:35
  • 12k+

Günde örän seýrek hadysa bolup geçdi: bir wagtyň özünde dört partlama hasaba alyndy. Bu bolsa Ýerde G1 klasly geomagnit hadysasyna sebäp bolup biler diýip, EADaily habar berýär.

Partlamalar üç Gün tegmilinde we bir uly magnit hatarynda bolup geçdi. Bu hadysa “simpatik partlama” diýlip atlandyrylýar, sebäbi tegmiller özara magnit meýdanynyň liniýalary bilen baglanyşýarlar we haçan-da olaryň biri partlanda, beýlekiler hem onuň hereketine eýerýär.
Adatça, simpatik partlamalar bir wagtyň özünde iki zyňyndy bilen çäklenýär, ýöne bu gezek dört partlamadan ybarat “super-simpatik” partlama boldy.
Bu partlamalaryň netijesinde çykan plazma akymy Ýere ýetip, geomagnit tupanyny döredip biler. Alymlaryň hasaplamalaryna görä, plazma 25-nji ýa-da 26-njy aprelde Ýere täsirini ýetirip biler.
G1 klasly tupanlar gowşak hasaplanýar, muňa garamazdan, olar elektron ulgamlaryň işinde käbir näsazlyklara getirip, howa duýgur adamlaryň ýagdaýyny ýaramazlaşdyryp biler.


düýn 16:34
3.1k+

Mart aýynyň ahyrynda iki meteor akymyny synlamak bolar

2026-njy ýylyň mart aýynyň ahyrynda Ýeriň ýaşaýjylary iki meteor ýagşyny — Gamma Normidleri we Eta Wirginidleri synlap bilerler. Birinjisi 28-nji marta çenli, ikinjisi bolsa 25-nji marta çenli işjeň bolar. Aýyň ýagtylygynyň gowşaklygy sebäpli olary arkaýyn synlap bolar...

21.03.2026 11:26
5k+

Gije bilen gündiziň deňleşen pursady: 20-nji martda Ýer ýaz paslyna «geçdi»

20-nji martda Türkmenistanyň wagty bilen takmynan sagat 19:46-da Ýer şary üçin kän bir bildirmeýän, ýöne planeta üçin düýpli ähmiýeti bolan pursat — ýazky gije-gündiz deňleşmesi boldy. Bu wagtda Gün asman ekwatoryny kesip geçýär we gije bilen gündiz deňleşýär: takmynan, 12 sagat gündiz we şonça sagat hem gije...

16.03.2026 16:46
8k+

Tebigat Ýer şarynyň badyny gowşadýar: gije-gündiziň dowamlylygy uzalýar

Howanyň üýtgemegi Ýeriň aýlanma tizligine täsir edýär we gije-gündiziň dowamlylygynyň artmagyna getirýär. Şeýle netijäni Wena uniwersitetiniň we Sýurih tehnologik institutynyň alymlary öňe sürýär. Olaryň berýän maglumatlaryna görä, häzirki wagtda gije-gündiz her ýüz ýylda, takmynan, 1,33 millisekunt uzalýar...

05.03.2026 07:02
4.9k+

2026-njy ýylyň ýeke-täk doly Aý tutulmasy: «Ganly Aý» dürli künjeklerde nähili göründi?

3-nji martda 2026-njy ýylyň ýeke-täk doly Aý tutulmasy boldy. Bu tebigy hadysa wagtynda Aý goýy gyzyl reňke eýe bolýar, şol sebäpli hem oňa, adatça, «Ganly Aý» diýilýär. Fotosuratçylar dünýäniň dürli künjeklerinde bu täsin pursaty surata düşürdi...