TikTok ABŞ-da gadagan edildi: ykjam goşundy 9 aýyň içinde satylyp bilner

  • 26.04.2024 19:49
  • 13k+

ABŞ-nyň Prezidenti Jo Baýden Hytaýyň ByteDance kompaniýasyndan dokuz aýyň içinde TikTok ykjam goşundysyny satmagyny talap edýän kanuna gol çekdi, ýogsam ol ABŞ-nyň çäklerinde gadagan ediler diýip, Wedomosti Reuters agentligine salgylanyp habar berýär.

Düzgünleşdirijiler ByteDance-yň satuwy amala aşyrmak üçin ýeterlik tagalla edýändigini hasaplasa, bu döwri üç aý uzaltmak mümkinçiligi bar.
Bu kanunyň taslamasy öň ABŞ-nyň Senatynda we Wekiller palatasynda tassyklandy.
TikTok-yň wekili Aleks Haurek kompaniýanyň kazyýetde bu kanuna garşy çykmak isleýändigini, bu bolsa onuň kabul edilmeginiň hasam yza çekilmegine sebäp bolup biljekdigini aýtdy.
Hytaýyň ByteDance kompaniýasyna TikTok-y satmaga rugsat berip-bermejegi heniz mälim däl, munuň özi ykjam goşundyny şeýle meşhur edýän we ulanyjylary saklaýan çylşyrymly algoritmleri tabşyrmagy aňladýar.


29.05.2026 00:36
2.1k+

Dünýäde ilkinji: Itera durkuny üýtgedýän suwuk platany görkezdi

Amerikanyň Itera startapy dünýäde ilkinji «suwuk» çap edilen plata diýip atlandyrylýan enjamynyň nusgasyny tanyşdyrdy....

30.04.2026 07:20
2.2k+

Hytaý Manus startapynyň 2 milliard dollara Meta kompaniýasyna satylmagyny bökdedi

Hytaý häkimiýetleri amerikan kompaniýasy Meta Platforms-yň Hytaýyň emeli aň startapy bolan Manus-y 2 milliard dollara satyn almak baradaky şertnamasyny ýatyrdy. Bu karar milli howpsuzlyk we tehnologiýalaryň......

30.03.2026 09:59
11k+

Milliarderleriň iň köp doglan şäheri yglan edildi

Nýu-Ýork şäheri bu gezek hem dünýäde milliarderiň iň köp doglan ýeri hökmünde sanawyň başyny çekdi diýip, 2026-njy ýyl üçin dünýäniň iň baý 1680 adamynyň maglumatlaryna esaslanýan Visual Capitalist neşiri......

29.03.2026 23:55
6.3k+

Ilon Mask ABŞ-da öz hasabyna üç sany ýolagçy tunelini gurar

Ilon Maskyň esaslandyran «The Boring Company» kompaniýasy ABŞ-da üç sany täze ýolagçy tuneliniň gurluşygyna başlaýandygyny yglan etdi. Bu taslamalaryň ählisi kompaniýanyň öz serişdeleriniň hasabyna doly......