Meýilnamalar üýtgedi: Tesla arzan elektromobiliniň önümçiligini ýatyrmaz, tersine çaltlaşdyrar

  • 26.04.2024 19:45
  • 6.4k+

Tesla elýeterli elektrik ulaglarynyň önümçiliginiň tizlenýändigini mälim etdi. Täze modeller 2025-nji ýyldan başlap bar bolan önümçilik liniýalarynda ýygnalar.

Kompaniýa çykdajylary optimizirlemek we önümçiligiň göwrümini tiz wagtda ýokarlandyrmak üçin meýilnamalaryna üýtgeşmeler girizdi. Täze awtoulaglarda indiki nesil platformasynyň käbir elementleri ulanylar, ýöne umumy möçberde alanyňda, önümçilik has tygşytly bolar.
Awtoulag öndürijisi platformada geljekki iki awtoulagy barada: 25 000 dollarlyk Model 2 we sürüjisiz sürüş ulgamy bolan täzeden döredilýän täze Tesla Robotaxi awtoulagy barada belledi.
Ýakynda Reuters agentligi Tesla-nyň wada berlen arzan bahaly awtoulagynyň önümçiligini ýatyrandygyny habar beripdi. Indi bolsa kompaniýanyň baş direktory Ilon Mask munuň ýalandygyny aýtdy.
Mask Tesla-nyň täze zawodlar gurmaga maýa goýmazdan ozal, önümçilik kuwwatyny doly ulanyp, ýylda 3 million awtoulag öndürip biljekdigine ynanýar.
Şeýle hem Mask Tesla-nyň 8-nji awgustda täze robotaksisini tanyşdyrmagy meýilleşdirýändigini yglan etdi.
Ondan öň kompaniýa 2024-nji ýylyň birinji çärýeginde maýa goýujylaryň garaşyşlaryna laýyk gelmeýän maliýe hasabatlaryny görkezdi.


24.06.2026 18:36
4.5k+

Ferrari sport ulaglary we elektromobilleri üçin sanly «mehanika» gutyny patentleşdirdi

Ferrari kompaniýasy transmissiýa bilen gönüden-göni mehaniki arabaglanyşygyň bolmagyna garamazdan, açyk kulisaly klassik mehaniki geçiriş gutusynyň işini gaýtalaýan transmissiýa selektoryna patent hasaba aldy....

24.06.2026 17:04
3.2k+

Ýewropada benzin we dizel ýangyçly awtoulaglaryň satuwy peselmegini dowam etdirýär

2026-njy ýylyň maý aýynda Ýewropa Bileleşiginiň ýurtlarynda, EFTA-da (Erkin söwda boýunça Ýewropa assosiasiýasy — Islandiýa, Lihtenşteýn, Norwegiýa we Şweýsariýa) hem-de Beýik Britaniýada 1,15 milliona golaý......

17.06.2026 10:28
1.5k+

Täze Peugeot e-208 GTi hetçbegi 277 at güýjüni berýän elektrik hereketlendirijisini aldy

Peugeot markanyň taryhynda GTi belgisini göterýän ilkinji ýokary öndürijilikli seriýaly elektromobili bolan e-208 GTi modelini hödürledi. Bu barada «Carscoops» portaly habar berýär....

29.05.2026 23:38
3.6k+

Honda 15,7 milliard dollar zyýan çekendigine garamazdan, täze elektrik ulag platformasyny döreder

Honda kompaniýasy geljekki modeller üçin doly elektrik we gibrid awtoulaglaryň öndürilmegine mümkinçilik berjek täze arhitekturany işläp düzýär. Bu karar ABŞ-nyň bazaryndaky elektrik awtoulaglaryny ösdürmek......