Garyp sebitiň çagalarynyň hatyrasyna 60 sagatlyk küşt oýny. Nigeriýadan we ABŞ-dan küştçüler rekordy täzelediler

  • 26.04.2024 14:09
  • 11k+

Nigeriýanyň küşt çempiony Tunde Onakoýa hem-de tanymal amerikan oýunçysy we tälimçisi Şon Martines yzygider 60 sagat küşt oýnap, iň dowamly küşt tapgyry boýunça täze dünýä rekordyny goýdy. Küşt tapgyry Nýu-Ýorkuň Taýms meýdançasynda geçirildi diýip, CNN habar berýär.

29 ýaşly Onakoýa oýny öz esaslandyran Chess in Slums Africa atly haýyr-sahawat guramasyna serişde toplamak üçin gurady. Türgen bu gaznany Afrikanyň garyp sebitlerinden gelen çagalara bilim almaga kömek etmek maksady bilen gurady. Marafon Nigeriýada ýaýlyma berildi.
Oýun ilkibaşda 58 sagat dowam etmelidi, ýöne Onakoýa we Martines 60 sagatlyk çäkden geçmegi başardylar. Olar 2018-nji ýylda norwegiýaly Hallward Flatebýo we Sýur Ferkigstad (56 sagat 9 minut 37 sekunt) tarapyndan goýlan öňki rekorddan ozdurdylar.
Nigeriýanyň prezidenti Bola Tinubu Onakoýany gazanan üstünligi bilen gutlady.
Küştçiniň wekili oýnuň ilkinji 20 sagadynda, takmynan, 22 müň dollar ýygnalandygyny, ýöne Onakoýanyň jemi 1 million dollar ýygnamaga umyt baglandygyny aýtdy.
Ginnesiň rekordlar kitaby täze rekord barada entek teswir bermedi.


şu gün 00:07
1.2k+

Ýewropadaky yssy howa kondisionerlere bolan islegi rekord derejä ýetirdi

Ýewropa yklymyndaky aşa gyzgyn howa şertleri sowadyş ulgamlaryna bolan islegiň birden ýokarlanmagyna sebäp boldy. Bu ýagdaý Samsung Electronics, Midea we Mitsubishi Electric ýaly Aziýanyň öňdebaryjy......

24.06.2026 09:29
4.1k+

Balhaşdaky festiwalda agramy 86 kg-dan geçýän «kazyburger» taýýarlandy

Balhaş şäherinde geçirilen «Balkhash Tour Fest — 2026» festiwalynda Gazagystanyň täze resmi gastronom rekordy bellige alyndy. Ýerli aşpezler tomaşaçylaryň we myhmanlaryň gözüniň alnynda ägirt uly «kazyburger»......

18.06.2026 22:32
4.8k+

194 ýaşly pyşbaga Jonatan resmi taýdan Ginnesiň rekordlar kitabynyň ikonasy boldy

Ýerde ýaşaýan janly-jandarlaryň iň garrysy hasaplanýan Jonatan atly aldabra pyşbagasy resmi taýdan Ginnesiň rekordlar kitabynyň abraýly «ikona» statusyna eýe boldy....

15.06.2026 10:46
3.3k+

Gazagystanly aýdymçy 5 sagatda yzyny üzmän 102 aýdym aýdyp rekord goýdy

Shakarim University ýokary okuw mekdebiniň mugallymy Kaýrat Kabyşew 5 sagat 29 minudyň dowamynda gazaklaryň 102 sany halk aýdymyny ýerine ýetirip, dünýä rekordyny goýdy. Bu üstünlik Aziýanyň we Afrikanyň......