Android we iOS üçin Firefly emeli aň ulgamy guralan Adobe Express ykjam goşundysy çykdy

  • 26.04.2024 07:31
  • 2.2k+

Firefly emeli aň ulgamy guralan Adobe Express surat we wideo redaktory Android we iOS ulanyjylary üçin elýeterli boldy.

Adobe Express-iň professional dizaýnerleriň we kontent döredijileriň islegleri göz öňünde tutulyp, kliplerden, şekillerden we aýdym-sazlardan wideo döretmek üçin gurallar bilen üpjün edilendigi bellendi.
Adobe Express-iň esasy aýratynlygy tekst buýruklary esasynda şekilleri döretmek, şeýle hem obýektleri goşmaga, aýyrmaga ýa-da çalyşmaga mümkinçilik berýän emeli aň redaktirlemesidir. Mundan başga-da, ulanyjylar bir gezekde fonlary aýryp, suratlaryň göwrümini üýtgedip bilerler.
Adobe Creative Cloud bilen sazlaşyk arkaly Express-iň ulanyjylary Illustrator hem-de Photoshop programmalaryndan taslamalary import edip, redaktirläp bilerler.
Adobe Express 2024-nji ýylyň mart aýynda tanyşdyryldy we aprel aýynda beta synagynda boldy. Redaktor eýýäm App Store-da we Google Play-de ýükläp almak üçin elýeterlidir.


05.05.2026 05:26
3.1k+

Emeli aň çagalardaky üns ýetmezçiligi we aşa hereketjeňlik sindromyny has irki tapgyrlarda anyklamagy öwrendi

Alymlar emeli aňyň çagalarda üns ýetmezçiligi we artykmaç hereketjeňlik sindromynyň (ÜÝAHS) alamatlaryny, heniz resmi diagnoz goýulmazyndan birnäçe ýyl öň anyklap bilýändigini subut etdiler....

18.04.2026 12:23
4.2k+

Meýn uly maglumat merkezleriniň gurluşygyny gadagan eden ilkinji ABŞ ştaty bolar

Meýn 2027-nji ýylyň noýabryna çenli 20 megawat we ondan-da köp energiýa sarp edýän täze uly maglumat merkezleriniň gurluşygyny togtadan ilkinji ABŞ ştaty bolmagy meýilleşdirýär. Kanun taslamasy elektrik......

07.03.2026 17:10
963

OpenAI GPT-5.4-i tanyşdyrdy: Kontekst penjiresi bir million tokene çenli giňeldildi

OpenAI kompaniýasy özüniň täze GPT-5.4 dil modelini tanyşdyrdy. Işläp düzüjiler çylşyrymly meseleleri çözmäge, programirlemäge we dürli gurallar bilen işlemäge has uly üns berip, emeli aň ulgamlarynyň hataryny ösdürmegi dowam edýärler...

06.03.2026 12:05
2.7k+

GPT-5.4-de adatdan daşary pikirleniş režimi peýda bolar

GPT-5.4 modelinde çylşyrymly soraglary işlemek üçin ýörite režimiň peýda bolmagy mümkin. Bu barada "The Information" neşiri habar berýär. Çeşmäniň berýän maglumatyna görä, şeýle tertipde model çylşyrymly logikany we jikme-jik seljermäni talap edýän meseleleri çözmek üçin has köp wagt we hasaplama serişdelerini ulanar...