“Woýajer 1” bäş aýlyk arakesmeden soň, maglumatlary geçirmegi gaýtadan dikeltdi

  • 25.04.2024 13:43
  • 4.7k+

2023-nji ýylyň 14-nji noýabrynda NASA-nyň “Woýajer 1” kosmiki gämisi okalýan ylmy we inženerçilik maglumatlaryny Ýere ibermegini bes edipdi. Bäş aýdan soň NASA-nyň inženerleri ahyrsoňy enjam bilen aragatnaşygy dikeltmegi we ondan ýagdaýy barada ilkinji maglumatlary almagy başardylar diýip, Phys.org-a salgylanýan IXBT habar berýär.

Mesele “Woýajer 1” -iň bortdaky üç kompýuteriniň biri, ýagny, Ýere ibermezden ozal maglumat gaplamakda jogapkär bolan uçuş maglumatlarynyň kiçi ulgamy (FDS) bilen baglanyşykly eken. Nädogry çipde saklanan FDS kodunyň bir bölegine zyýan ýetip, maglumatlary ulanyp bolmaýan derejä ýetiripdir.
NASA-nyň çipi bejermäge mümkinçilik tapmadyk inženerleri kody FDS-iň ýadynda başga ýere geçirmek meýilnamasyny düzdüler. 18-nji aprelde bu amal kosmos gämisiniň ýagdaýy baradaky ilkinji maglumatlar toplumyny - inženerçilik maglumatlaryny almak bilen üstünlikli tamamlandy.
Ýerden 24 milliard km uzaklykda ýerleşýän “Woýajer 1”-e radiosignalyň ýetmegi üçin 22,5 sagat, signalyň Ýere gaýdyp gelmegi üçin ýene 22,5 sagat wagt gerek. 20-nji aprelde hünärmenler “Woýajer 1”-den jogap aldylar. Modifikasiýa işläp başlady: bäş aýyň içinde ilkinji gezek kosmos gämisiniň abatlygyny we ýagdaýyny barlamak mümkin boldy.
Indi ýakyn hepdelerde NASA-nyň inženerleri ylmy maglumatlary geçirmek üçin jogapkär FDS-niň programma üpjünçiliginiň galan böleklerini göçürmegi we düzmegi meýilleşdirýärler.
“Woýajer 1” 1977-nji ýylda uçurylypdy we ýyldyzara kosmosa giňişligine çykan ilkinji kosmiki gämi boldy. Enjam sagatda 62 100 kilometre çenli tizlikde Ýerden uzaklaşmak bilen, öz wezipesini dowam etdirýär.
Şol ýyl işe girizilen “Woýajer 2” kadaly işlemegini dowam etdirýär.


şu gün 00:18
1.5k+

«Roskosmos» 2036-njy ýyla çenli Aýda atom elektrik stansiýasyny gurmagy meýilleşdirýär

«Roskosmos» 2036-njy ýyla çenli Aýda atom elektrik stansiýasyny (AES) döretmegi meýilleşdirýär. Bu wezipe Russiýa Federasiýasynyň Prezidentiniň kosmos işi ulgamyndaky döwlet syýasatynyň esaslary baradaky......

düýn 20:31
3.1k+

Rekord derejeli magnit tupany Ýeriň öz goragyny nädip gowşadýandygyna düşünmäge kömek etdi

2024-nji ýylyň maýynda planeta inen we soňky ýigrimi ýylda iň güýçlüsi bolan magnit tupany ýaponiýaly fiziklere möhüm açyş etmäge kömek etdi. Alymlar geomagnit tolgunmalary wagtynda Ýeriň tebigy magnit......

27.06.2026 10:53
2k+

Pagta süýjüsinden hem ýeňil: NASA aşa ýeňil bolan iki ekzoplanetany açdy

NASA-nyň TESS kosmos obserwatoriýasy ýerdäki teleskoplar bilen bilelikde dykyzlygy adatdan daşary pes bolan iki sany ekzoplanetany ýüze çykardy. Olar bir ulgamda ýerleşip, özara orbital täsirler arkaly......

27.06.2026 09:54
5.1k+

Alymlar: ýaşlar häzirki wagtda öňkä garanyňda has çalt garraýar

Nature Medicine žurnalynda çap edilen täze gözleg häzirki ýaş nesliň özlerinden öňki nesillere garanyňda, şol bir ýaşda has ýokary biologiki ýaşda bolup biljekdigini görkezdi....