Disneýlenddäki attraksion Disney-iň täze filmi üçin esas bolar

  • 24.04.2024 13:18
  • 6.2k+

Disneý kinostudiýasy Disneýlenddäki meşhur Space Mountain attraksionyndan ylham alyp täze filmiň üstünde işläp başlady diýip, Deadline habar berýär.

Filmiň edebi esasyny “Içki gala” we “Kowboý Bibop” filmleri bilen tanalýan Joş Appelbaum bilen Andre Nemes ýazar.
Filmiň sýužeti häzirlikçe gizlin saklanýar.
Space Mountain Disneýlendiň iň meşhur attraksionlaryndan biridir. Ilki ol 1975-nji ýylda Florida ştatynda açyldy, soňra bu attraksionyň nusgalary dünýäniň beýleki seýilgählerinde peýda boldy.
Filmiň goýberiljek senesi entek yglan edilmedi.
Ozal Disneý öňümizdäki iki ýyl üçin goýberiljek filmleriň senesini mälim etdi. Mysal üçin, “Moana”-nyň kino görnüşi, tomaşaçylaryň şu ýylyň noýabr aýynda çykjak multfilmiň ikinji bölegine has köp üns bermegi üçin, 2026-njy ýylyň 10-njy iýulynda – meýilleşdirilen senesinden biraz giç ekranlarda peýda bolar.


21.06.2026 10:41
1.7k+

«Oýnawaçlaryň hekaýaty-5» premýeradan öňki kassa ýygymlary boýunça ýylyň rekordyny goýdy

«Oýnawaçlaryň hekaýaty-5» animasiýa filmi premýeradan öňki görkezilişlerde kassa ýygymlary boýunça 2026-njy ýylyň iň gowy netijesini görkezdi. Bu animasion taslama 17,5 million dollar gazandy diýip, «Variety»......

19.06.2026 20:14
4.6k+

Baş keşpde Hýu Jekman bilen «Robin Guduň ölümi» filminiň dünýä premýerasy boldy

Şu gün bütin dünýäde Hýu Jekmanyň baş keşbi ýerine ýetirmeginde «Robin Guduň ölümi» (The Death of Robin Hood) filminiň prokaty başlandy....

19.06.2026 11:08
2.9k+

«Ýura eýýamynyň dünýäsi: Hökmürowanlyk» taryhda iň çykdajyly film diýlip ykrar edildi

«Ýura eýýamynyň dünýäsi: Hökmürowanlyk» (Мир Юрского периода: Господство) filmi taryhda iň gymmat düşen kino taslamasy diýlip yglan edildi. «Fortune» neşiriniň maglumatlaryna görä, Universal Pictures......

18.06.2026 09:56
2.6k+

«Maşa we Aýynyň» üç aýy baradaky spin-offy peýda bolar

«Animakkord» studiýasy «Maşa we üç aýy» atly täze multserialy tanyşdyrdy. Ol «Maşa we Aýy» taslamasynyň spin-offy bolar diýip, «The Hollywood Reporter» habar berýär....