Nissan Murano-nyň keşbini üýtgedýär: arkadan Porsche, öňden Acura meňzeýär, kapotyň astynda bolsa turbo bar

  • 24.04.2024 12:48
  • 7.2k+

Nissan Murano krossoweriniň geljekki nesli düýpli üýtgeşmeler alar diýip, Carscoops habar berýär.

Hususan-da, awtoulagyň täze dizaýny aljakdygy we öň tarapyndan Acura MDX-i we yz tarapyndan Porsche-ni ýada salmak bilen, has gazaply boljakdygy bellendi.
Awtoulag Infiniti QX60-yň kämilleşdirilen D platformasynda gurlar.
Esasy üýtgeşiklik kapotyň astyndadyr: adaty 3,5 litrlik 260 at güýjüni öndürýän V6-nyň ýerine Murano 9 tizlikli awtomat transmissiýaly jübütlenen 4 silindrli hereketlendirijini (ähtimal, 2,0 l) alar. Tekerleriniň doly hereketliligi öňküligine galar, ýöne kämilleşdiriler.
Awtoulagyň ilkinji görkezilişine şu ýylyň üçünji çärýeginde garaşylýar.


08.06.2026 16:02
1.8k+

"Nissan" "Luce" modeliniň "Leaf" bilen daşky meňzeşligi sebäpli "Ferrari-ä" degsindi

Internetde täze “Ferrari Luce” superkary bilen köpçülikleýin öndürilýän üçünji nesil “Nissan Leaf” elektrokarynyň arasynda daşky meňzeşligiň bardygy barada gürrüňler ýaýrap başlandan soň, Nissan kompaniýasy......

07.06.2026 16:58
2.5k+

Nissan 19 ýyldan soň Primera modelini bazara gaýtardy, ýöne indi elektrik fastbek görnüşinde

Nissan kompaniýasy 2007-nji ýyldan bäri bazarda görünmeýän Primera modeliniň täze neslini tanyşdyrdy. Awtomobiliň köpçülikleýin premýerasy Filippiniň halkara awtosalonynda (PIMS) boldy....

05.06.2026 18:16
6.1k+

Mitsubishi we Nissan bileleşip täze pikap dörederler

Mitsubishi kompaniýasy Nissan bilen bilelikde işlenip düzüljek täze model arkaly pikaplarynyň hataryny giňeltmegi meýilleşdirýär. Täze önüm ilkinji nobatda ABŞ-nyň bazaryna gönükdiriler....

31.05.2026 16:54
4.7k+

Nissan boýaýjy sehleriň galyndylaryny ulanmagyň usulyny tapdy: galyndyny ses izolirleýjä öwürýär

Nissan kompaniýasy Takayama Group bilen hyzmatdaşlykda boýag önümçiliginiň galyndylaryny gurluşyk senagaty üçin ses izolirleýji materiallara gaýtadan işlemäge başlady....