Meta emeli aňyň täze neslini hödürledi

  • 24.04.2024 13:42
  • 9.6k+

Meta Llama 3 ady bilen dil modeliniň täze neslini hödürledi. Kompaniýa ony açyk başlangyç kodly modelleriň arasynda iň gowusy hasaplaýar. Onuň iki wersiýasy bar: 8 mlrd parametrli Llama 3 8B we 70 mlrd parametrli Llama 3 70B – neýroulgamyň türgenleşdirilen maglumatlarynyň sanyna baglylykda. Kompaniýanyň maglumatlaryna görä, täze modeller öňkülerinden ep-esli ýokary bolmak bilen, meşhur bilim, öwrenijilik we tekst seljermesiniň synaglarynda ajaýyp netijeleri görkezýär.

Meta Llama 3-üň Mistral fransuz startapyndan adybir emeli aň we Google-dan Gemini ýaly beýleki emeli aňlardan öňe geçýändigini nygtaýar. Muny subut etmek üçin azyndan dokuz synag geçirildi.
Şeýle-de, kompaniýa bikanun ulanylyşa garşy göreşmek üçin täze modellere birnäçe howpsuzlyk protokollaryny girizdi.
Meta kompaniýasy Llama 3 modelleriniň has köp maglumatlary işläp we şekil ýaly dürli maglumatlar bilen işleşip bilmegi üçin olary köp dilli etmegi maksat edinýändigini belleýär.


16.05.2026 23:58
3.4k+

Claude emeli aňy 11 ýyl ozal gulplanan kripto gapjygy açmaga kömek etdi

X (öňki Twitter) sosial ulgamynda «cprkrn» lakamly ulanyjy Anthropic kompaniýasynyň Claude emeli aň modeliniň kömegi bilen içinde 5 sany bitkoini bolan kripto gapjygyna girmegi başardy. Bu gapjyk mundan 10-11......

05.05.2026 05:26
3.2k+

Emeli aň çagalardaky üns ýetmezçiligi we aşa hereketjeňlik sindromyny has irki tapgyrlarda anyklamagy öwrendi

Alymlar emeli aňyň çagalarda üns ýetmezçiligi we artykmaç hereketjeňlik sindromynyň (ÜÝAHS) alamatlaryny, heniz resmi diagnoz goýulmazyndan birnäçe ýyl öň anyklap bilýändigini subut etdiler....

18.04.2026 12:23
4.2k+

Meýn uly maglumat merkezleriniň gurluşygyny gadagan eden ilkinji ABŞ ştaty bolar

Meýn 2027-nji ýylyň noýabryna çenli 20 megawat we ondan-da köp energiýa sarp edýän täze uly maglumat merkezleriniň gurluşygyny togtadan ilkinji ABŞ ştaty bolmagy meýilleşdirýär. Kanun taslamasy elektrik......

07.03.2026 17:10
969

OpenAI GPT-5.4-i tanyşdyrdy: Kontekst penjiresi bir million tokene çenli giňeldildi

OpenAI kompaniýasy özüniň täze GPT-5.4 dil modelini tanyşdyrdy. Işläp düzüjiler çylşyrymly meseleleri çözmäge, programirlemäge we dürli gurallar bilen işlemäge has uly üns berip, emeli aň ulgamlarynyň hataryny ösdürmegi dowam edýärler...