ÝB-niň Türkmenistandaky wekilhanasy Ýeriň gününde öýsüz haýwanlaryň saklanýan ýerine baryp gördüler

  • 24.04.2024 13:10
  • 20k+

22-nji aprelde dünýäde Ýeriň gününi belläp geçmegiň çäklerinde Ýewropa Bileleşiginiň Türkmenistandaky wekilhanasynyň agzalary Türkmenistanyň Tebigaty goramak jemgyýeti bilen bilelikde öýsüz haýwanlara kömek bermek çäresini guradylar. Bu barada News Central Asia portaly ýazýar.

ÝB-niň wekilhanasynyň agzalary we meýletinçiler iýmit we derman serişdelerini bermek üçin öýsüz haýwanlaryň saklanýan 3 sany ýerinde boldular we bütin güni haýwanlara ideg etmek arkaly geçirdiler.

«Biz Türkmenistandaky öýsüz haýwanlara höwes bilen ýardam berýäris, sebäbi bu olara maşgala edinmekde uly ýardam bolar. Meýletinçilere görkezýän tutanýerlilikleri, yhlasy we ähli jandarlar üçin has gowy durmuşy döretmek boýunça köpçülikleýin hereketleri hem-de beýleki ýardamlary üçin aýratyn sagbolsun aýdýarys» – diýip, ÝB-niň işleri wagtlaýyn ynanylan wekil Renata Wrobel belledi.


düýn 16:07
2.2k+

Aşgabatda TurkmenTextile Expo — 2026 halkara sergi-ýarmarkasy açyldy

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «TurkmenTextile Expo — 2026» atly halkara sergi-ýarmarkasy öz işine başlady. Bu sergi dokma senagatynyň gazananlaryny görkezmek, işewürlik hyzmatdaşlygyny......

düýn 12:34
3.7k+

Türkmenistanda bugdaý oragyna badalga berildi

Türkmenistanda oba hojalyk pudagy üçin möhüm tapgyry alamatlandyrýan 2026-njy ýylyň bugdaý oragy möwsümine badalga berildi. Bu barada TDH habar berýär....

02.06.2026 21:16
5.5k+

2050-nji ýyla çenli Ýewropada iň wajyp çig mallara bolan islegiň tas ýarysy galyndylaryň hasabyna üpjün ediler

2050-nji ýyla çenli galyndylar Ýewropa üçin iň esasy möhüm materiallaryň çeşmeleriniň birine öwrülip, sebitiň bu hili çig mala bolan isleginiň 56%-e çenlisini üpjün edip biler. Ýewropa Bileleşigi (ÝB)......

02.06.2026 11:32
2.6k+

Türkmen pileçileri 2 100 tonnadan gowrak pile tabşyryp, borçnamalaryny doly berjaý etdiler

Türkmenistanyň pileçi kärendeçileri 2 100 tonnadan gowrak pile tabşyryp, bu baradaky şertnamalaýyn borçnamalaryny üstünlikli berjaý etdiler....