Huawei täze jübi Wi-Fi routerini hödürledi

  • 22.04.2024 21:54
  • 10k+

Huawei kompaniýasy ykjam aragatnaşyk arkaly ýokary tizlikli internete girmegi üpjün edýän täze jübi Portable Wi-Fi 5 routerini hödürledi diýip, Mail.ru ýazýar.

Router 4G ulgamy bilen işleýär, 195 Mbit/s-e we 105 Mbit/s-e çenli ýükläp almak tizligini hödürleýär, bu öňki modelden 30% ýokarydyr.
Portable Wi-Fi 5-iň  dizaýny ykjam (galyňlygy bary-ýogy 13,7 mm) we agramy ýeňil (96 gr).
Kuwwatly 2400 mAh batareýa 8-9 sagada çenli işlemegini üpjün edýär we bir wagtyň özünde 16 enjama birikmek mümkinçiligi dostlaryňyz, kärdeşleriňiz ýa-da maşgalaňyz bilen interneti paýlaşmaga mümkinçilik berýär.
Router traffige gözegçilik etmäge, çäkleri kesgitlemäge we myhman toruny döretmäge mümkinçilik berýän Huawei Smart Life programmasy arkaly dolandyrylýar.
Täze önüm gara, ak we gök reňklerde bolýar we baasy 229 ýuandan (takmynan, 32 dollar) başlaýar.


24.10.2025 09:49
2.9k+

Huawei üýtgeşik dizaýn bilen router hödürledi

Huawei kompaniýasy Weibo sosial ulgamynda öz täze Huawei Router X3 Pro routeriniň suraty bilen paýlaşdy. Onuň tanyşdyrylyşy noýabrda bolar. Gizmochina-nyň belleýşi ýaly, gurluş adaty tor gajeti däl-de, has dogrusy, interýer elementi ýaly görünýär...

18.01.2025 17:12
3.9k+

Huawei elektrikli ulaglaryň zarýad stansiýalaryna robot gol ornaşdyrar, ol zarýad kabelini özbaşdak baglar

Huawei kompaniýasy elektrikli awtoulaglary zarýada goýmagy aňsatlaşdyrmak üçin täze robot goly hödürledi. Zarýad kabelini ulagyň zarýad nokadyna özbaşdak baglap bilýän robot gol şu ýylyň ikinji çärýeginde ähli...

12.01.2025 11:43
5.4k+

Samsung, açyl! Koreý tehnoägirdi Huawei-den tapawutlanýan üç eplenýän smartfonyny taýýarlaýar

Samsung bazara ilkinji bolup çykan Huawei Mate XT modelinden tapawutlanýan üç ekranly täze smartfonyny işläp taýýarlar. Bu barada SisaJournal-E koreý neşiri habar berýär. Smartfonyň funksional aýratynlygy häzirlikçe...

11.11.2024 16:09
3.7k+

Huawei täze, has ygtybarly we çydamly batareýa görnüşini oýlap tapdy

Huawei batareýanyň ömrüni, howpsuzlygyny we öndürijiligini ýokarlandyrjak täze gaty elektrolit batareýasyny işläp düzdi. Bu tehnologiýa batareýalarda esasy meseleleriň biri bolan suwuk elektrolitleriň bozulmagynyň...