Toyota Camry 2025: garaşylyşyndan arzan çykdy

  • 22.04.2024 16:03
  • 37k+

Geçen hepde, haçanda täze Toyota Camry 2025 dilerlere ýaňy gelip başlanda, ulagyň LE bazalaýyn gibrid düzümli görnüşiniň bahasynyň azyndan 29 495 dollar boljakdygy habar berlipdi. Ýagny öňki wersiýasyndan 2000 dollar gymmat.

Emma meşhur modeliň täze nesli has arzan bolup çykdy. Täze awtoulaglar 28 400 dollardan satylyp başlandy, iň top wersiýasy üçin bolsa, 34,600 dollar soralýar.
Toyota Camry-nyň bu neslinde adaty bolan 3,5 litrlik V6 motorlary oturdylmady. Indi ulaglarda Toyota-nyň bäşinji nesliniň (THS 5) gibrid ulgamy ulanylýar. Ol öz içine 2,5 litrlik dört silindrli içinden ýandyrylýan hereketlendirijini we iki sany elektromotory alýar.
Öňi ýöredijili wersiýasynyň jemi kuwwaty 228 at güýjüne deň, hemme tekerleri hereketlendirijili wersiýasynyň kuwwaty bolsa 235 at güýjüne deň. Mundan başga-da, ol generator hökmünde çykyş edýän üçünji elektromotory hem aldy.
Toyota Camry 2025 modeliniň häsiýetnamasy we aýratynlyklary barada maglumatlary şu salgydan okap bilersiňiz.


24.06.2026 14:05
5k+

Toyota we Nissan ABŞ-da ýygnalan ulaglarynyň aýratynlyklary barada duýdurdy

Toyota we Nissan ýaponiýaly alyjylary ABŞ-da öndürilen ulaglarynda bolup biljek aýratynlyklar barada habardar etdi. Gürrüň, ABŞ-dan Ýaponiýa import edilýän «Toyota Tundra», «Toyota Highlander» we «Nissan......

24.06.2026 08:16
3.2k+

Toyota ekranlardaky näsazlyk sebäpli Hytaýda 9 müňden gowrak Land Cruiser Prado ulagyny yzyna çagyrýar

«FAW-Toyota» bilelikdäki kärhanasy Hytaýda ýerli önümçilikdäki «Land Cruiser 250 (Prado)» wnedorožnikleri üçin yzyna çagyryş kampaniýasynyň başlanandygyny yglan etdi. Hytaýa import edilýän meňzeş platformaly......

21.06.2026 21:15
5k+

Toyota rekord derejedäki satuwlara garamazdan, model sanyny azaltmak isleýär

Toyota kompaniýasy rekord derejedäki satuw görkezijilerine garamazdan, awtoulaglaryň model we görnüş sanyny azaltmagy, ünsüni bolsa iň köp isleg bildirilýän hem-de düşewüntli ugurlara gönükdirmegi......

16.06.2026 09:57
6.1k+

Toyota Ýewropada Hilux modeliniň täze neslini tanyşdyrdy

Toyota kompaniýasy Ýewropada Hilux pikapynyň dokuzynjy neslini görkezdi. Bu model öňki rama gurluşyny we ýolsuz ýerlerde hereket etmek mmükinçiliklerini saklap galdy, ýöne doly täzelenen dizaýna, sanly......