Täze Toyota Camry 2025 hödürlendi

  • 15.11.2023 16:08
  • 55k+

Ýylda 300 000-e golaý Camry satýan Toyota meşhur sedanyň dokuzynjy neslini hödürledi. Toyota Camry 2025 diňe gibrid hökmünde elýeterli bolup, alyjylar öň ýa-da doly herekete getirijili konfigurasiýany hem-de LE, SE, XLE we XSE komplektasiýa derejelerini saýlap bilerler.

Onuň gibrid transmissiýasy elektrik hereketlendirijileri bilen 2,5 litrlik dört silindrli hereketlendirijini öz içine alýar. Öňdäki herekete getirijisi bolan görnüş umumy kuwwaty 225 at güýjüne deň bolan iki sany elektrik hereketlendirijisi bilen üpjün edildi. AWD görnüşi yzky ok üçin üçünji elektrik hereketlendirijisini hem goşup, umumy kuwwaty 232 at güýjüne çenli ýokarlandyrýar.
Dokuzynjy nesliň Camry-sy düýbünden täze awtomobil däl-de, düýpli täzelenmedir. 2025-nji ýylyň modeli sekizinji nesliň modelinde ulanylan TNGA-K platformasyna esaslanýar.
2025-nji ýylyň Camry-sy daşky görnüşi boýunça uly aşaky öňdäki gözenegi we inçe faralary bolan sekizinji nesliň modeline meňzeşdir. Täze model adaty yşyk diodly faralara, işçi çyralara we yzky fonarlara eýe boldy. Bar bolan reňklere ýene iki sany täze reňk – Ocean Gem we Heavy Metal goşuldy.

 

XSE modeli kuzowyň reňkinde aşaky panele, ýük goýulýan ýeriň gara bezegine we 19 dýuým tekere eýe boldy. Ol Ocean Gem, Wind Chill Pearl, Heavy Metal we Supersonic Red bilen sazlaşykda Midnight Black Metallic üçegi bilen elýeterlidir.
Camry 7,0 dýuým sanly enjam paneli we 8,0 dýuým maglumat-güýmenje ekrany bilen enjamlaşdyryldy. XLE we XSE enjamlar we multimediýa funksiýalary üçin 12,3 dýuým displeýler bilen enjamlaşdyryldy. Tehnologiýa Apple CarPlay we Android Auto simsiz ulgamlary goldamagy hem-de simsiz zarýad beriş paneliniň bolmagyny öz içine alýar.

2025-nji ýylyň ähli Camry-sy ulaglary we pyýadalary kesgitleýän çaknyşyklary duýduryş ulgamyny, adaptiw kruiz dolandyryşyny, hereket zolagyndan çykylanda kömek ulgamyny, ýol belgileri boýunça hereket edilende kömek ulgamyny, awtomatik uzakdaky çyrany, kör zolaklara gözegçilik ulgamyny we yzdaky köptaraplaýyn hereketleri duýduryşy öz içine alýan Toyota Safety Sense 3.0 tehnologiýalar toplumy bilen üpjün edildi.
Täze Camry 2024-nji ýylyň ýazynda satuwa çykarylar. Bahalar heniz belli däl.

 


düýn 09:36
2.4k+

Toyota-nyň Hytaýdaky satuwy üçden bir essä golaý azaldy

2026-njy ýylyň maý aýynyň jemleri boýunça "Toyota-nyň" Hytaýdaky satuwy 102,3 müň ulaga deň boldy, bu bolsa geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 31,7% azdyr....

12.06.2026 01:38
6.6k+

Ýapon ulaglary iň uzak ömürli awtoulaglar bolup çykdy - Barlagyň netijeleri

iSeeCars portalynyň analitikleri 174 müňden gowrak awtoulagyň ýol geçiş aralygy baradaky açyk maglumatlary öwrenip, maşynlarynyň 250 müň mile (takmynan 400 müň km) çenli aralygy geçip bilmek ähtimallygy iň......

11.06.2026 14:04
12k+

700 at güýjündäki Camry: Toyota bir sedanda iki hereketlendiriji oturtdy

Toyota Gazoo Racing bölümçesi Ýaponiýada geçirilen «Super Taikyu» marafonynda bir wagtda iki sany benzin hereketlendirijisi, doly çekiji ulgamy we takmynan, 700 at güýji bolan eksperimental sedanyny hödürledi....

09.06.2026 15:11
3.5k+

Toyota TR LH2 suwuk wodorodly prototipi Le-Manyň ýaryş ýoluna çykar

"Toyota Gazoo Racing" kompaniýasy 2026-njy ýyldaky «Le-Manyň 24 sagady» ýaryşynda täze wodorodly "TR LH2 Racing Prototype" ýaryş prototipini görkezer. Awtoulag ilkinji gezek köpçüligiň öňünde ýaryş ýoluna......