Werstappen “Formula-1-iň” Hytaýyň Gran-prisi tapgyrynda ýeňiji boldy

  • 22.04.2024 07:06
  • 2k+

“Red Bull” toparynyň niderlandiýaly sürüjisi Maks Werstappen “Formula-1” ulag klasyndaky awtoýaryşlar boýunça dünýä çempionatynyň bäşinji tapgyry bolan Hytaýyň Gran-prisinde ýeňiji boldy. Ýaryş Şanhaýda geçirildi.

Ikinji orny britaniýaly Lando Norris (“Maklaren”) eýeledi. Üçünji bolup pellehana “Red Bulldan” meksikaly Serhio Peres geldi.
Hytaýyň Gran-prisi 2019-njy ýyldan bäri ilkinji gezek geçirildi. Geçen dört möwsümde ol koronawirus pandemiýasy sebäpli ýatyrylypdy.
Umumy sanawda birinji orny üç gezek dünýä çempiony Werstappen eýeleýär. Ol 110 utuk gazandy. Ikinji orunda 85 utuk bilen Peres ýerleşýär. Üçlügi 76 utuk bilen “Ferrariden” Şarl Lekler jemleýär. Konstruktorlaryň kubogynda birinji orny “Red Bull” (195) eýeleýär, şeýle-de üçlüge “Ferrari” (151) we “Maklaren” (96) girýär.
“Formula-1-iň” altynjy tapgyry 3 – 5-nji maýda Maýamide (Florida ştaty, ABŞ) geçiriler.


23.05.2026 16:21
9.7k+

On adam üçin 1,4 milliard dollar: Forbes sport dünýäsiniň henizem weteranlar tarapyndan dolandyrylýandygyny görkezdi

Forbes žurnalynyň şu ýylky iň köp hak tölenýän türgenler boýunça reýtingi sportuň rowaýaty türgenleriniň 40 ýaşdan soň hem ýaş super ýyldyzlardan köp pul gazanýandygyny görkezdi....

05.05.2026 15:03
4.4k+

Abu-Dabidäki attraksion 4,9 sekuntda 240 km/sag tizlik bilen Ginnese girdi

Birleşen Arap Emirlikleriniň Abu-Dabi şäherindäki «Ferrari World» seýilgähinde ýerleşýän «Formula Rossa» attraksiony dünýäniň iň çalt attraksiony hökmünde ykrar edildi....

04.05.2026 14:40
2k+

Antonelli yzygider üçünji gezek «Formula-1-iň» Gran-pri tapgyrynda ýeňiş gazandy

«Mercedes» toparynyň sürüjisi Andrea Kimi Antonelli Maýaminiň Gran-prisiniň ýeňijisi boldy — bu onuň «Formula-1-iň» häzirki möwsüminde yzygider üçünji ýeňşidir....

25.04.2026 15:19
1.5k+

Formula-1 toparlarynyň gymmatlyk reýtingi çap edildi: Ferrari 7 milliard dollar bilen öňde barýar

Soňky birnäçe ýylyň dowamynda Formula-1 toparlarynyň gymmaty birden ýokarlanmagyny dowam etdirýär we indi her bir toparyň bahasy azyndan 1 milliard dollara ýetdi. Bu baradaky maglumatlar «PlanetF1» neşiri......