Huawei выпустила флагманские камерофоны Pura 70 Pro+ и Pura 70 Ultra по цене от $1 105

  • 22.04.2024 12:04
  • 7.5k+

Huawei kompaniýasy foto düşürişe gönükdirilen täze Pura 70 flagman smartfonlaryny resmi taýdan hödürledi. Hatara dört model girýär: Pura 70, Pura 70 Pro, Pura 70 Pro+ we Pura 70 Ultra diýip, Gizmochina ýazýar.

Pura 70 Pro+ we Pura 70 Ultra smartfonlarynyň ýüregi Kirin 9000-üň täzelenen wersiýasy Kirin 9010 çipseti boldy.
Bu iki modeliň esasy aýratynlygy özboluşly kamera ulgamydyr, ol mehaniki taýdan aýlanýan teleskopik linzaly 1 dýuýmlyk 50 Mp sensor bilen üpjün edildi. Innowasion tehnologiýa kamera korpusyň içinde giňelmäge we gysylmaga mümkinçilik berip, optiki zumy we ýokary şekil aýdyňlygyny üpjün edýär.
Şeýle-de, esasy kamera f/1,6-dan f/4,0-a çenli aralykda üýtgeýän diafragmany goldaýar we surata düşürişi durnuklaşdyrmak üçin titremeden gorag tehnologiýasyny özünde jemleýär.
Pura 70 Pro+ hem şol bir esasy kamera eýe boldy, ýöne öňe çykýan linzasyz.
Smartfonlaryň ikisi-de 120 Gs çenli täzelenme ýygylygy bilen 6,8 dýuýmlyk OLED displeýi LTPO, 5050 mAs (Pro+) ýa-da 5200 mAs (Ultra) sygymly akkumulýator, 100 Wt simli zarýad beriş we 80 Wt simsiz zarýad beriş mümkinçiligi bilen üpjün edildi.
Pura 70 Pro+ we Pura 70 Ultra Harmony OS 4.2-de işleýär we 5G, Wi-Fi 6, Bluetooth 5.2, NFC, hemra jaňlary ýaly giň funksiýalar toplumyny hödürleýär.

Bahalar:

  • ·Huawei Pura 70 Ultra: 16 GB + 512 GB – 9999 ýuan ($1 381), 16 GB + 1 TB – 10 999 ýuan ($1 519).
  • ·Huawei Pura 70 Pro+: 16 GB + 512 GB – 7999 ýuan ($1 105), 16 GB + 1 TB – 8999 ýuan ($1 243).

Smartfonlar Hytaýda satyn almak üçin elýeterlidir. Beýleki sebitlerdäki satuwlar barada heniz maglumat ýok.


сегодня 14:14
419

Мировой рынок планшетов вырос почти на 10% под диктовку Apple и Lenovo

Согласно отчету аналитической компании Omdia, в 2025 году мировой рынок планшетов восстановился после спада. Поставки выросли на 9,8% и достигли 162 миллионов устройств — это самый высокий показатель с 2020 года...

24.10.2025 09:49
2.9k+

Huawei представила роутер с дизайном арт-объекта

Компания Huawei опубликовала в соцсети Weibo изображения своего нового роутера Huawei Router X3 Pro, презентация которого состоится в ноябре. Как отмечает Gizmochina, устройство выглядит скорее как элемент интерьера, чем как привычный сетевой гаджет...

18.01.2025 17:12
3.9k+

Huawei внедрит роборуки в зарядные станции электромобилей

Huawei начнёт массово оснащать свои зарядные станции для электромобилей роботизированными манипуляторами. Роборуки смогут самостоятельно подключать кабель к автомобилю, что избавит водителей от необходимости выходить...

12.01.2025 11:43
5.4k+

Samsung, раскройся! Корейский техногигант готовит «трикладушку», отличную от Huawei

Samsung разрабатывает новый складной смартфон с тремя экранами, который будет отличаться от первопроходца рынка – модели Huawei Mate XT. Об этом сообщает корейское издание SisaJournal-E. Особенности функционала...