Logitech kompaniýasy çat-boty çagyrmak üçin düwmesi bolan kompýuter syçanjygyny tanyşdyrdy

  • 20.04.2024 17:56
  • 3.2k+

Logitech kompaniýasy çat-boty çagyrmak üçin düwmesi bolan kompýuter syçanjygyny tanyşdyrdy. Bu barada The Verge habar berýär.

Signature AI Edition M750 syçanjygyny synagdan geçiren žurnalistler enjamyň wirtual kömekçi çagyrmak üçin goşmaça düwmesiniň bardygyny aýtdylar. Onda emeli aň (AI) gurallary bilen işlemek üçin döredilen Logi AI Prompt Builder programmasyny çalt işe girizmek bolýar.
Düwmä basyp, wirtual kömekçi – ChatGPT ýa-da başga bir hyzmat bilen gepleşik penjiresi peýda bolýar. Žurnalistler tekstiň abzasyny üýtgetmek, gysgaltmak ýa-da gaýtadan ýazmak üçin kömekçini çagyrmak buýrugyny ulanandyklaryny aýtdylar.
Syçanjygyň bahasy 50 dollar. Häzirki wagtda Prompt Builder kömekçi programmasy iňlis dilinde işleýär we diňe ChatGPT çat-botyny düzmäge mümkinçilik berýär.


05.05.2026 05:26
3.1k+

Emeli aň çagalardaky üns ýetmezçiligi we aşa hereketjeňlik sindromyny has irki tapgyrlarda anyklamagy öwrendi

Alymlar emeli aňyň çagalarda üns ýetmezçiligi we artykmaç hereketjeňlik sindromynyň (ÜÝAHS) alamatlaryny, heniz resmi diagnoz goýulmazyndan birnäçe ýyl öň anyklap bilýändigini subut etdiler....

18.04.2026 12:23
4.2k+

Meýn uly maglumat merkezleriniň gurluşygyny gadagan eden ilkinji ABŞ ştaty bolar

Meýn 2027-nji ýylyň noýabryna çenli 20 megawat we ondan-da köp energiýa sarp edýän täze uly maglumat merkezleriniň gurluşygyny togtadan ilkinji ABŞ ştaty bolmagy meýilleşdirýär. Kanun taslamasy elektrik......

07.03.2026 17:10
963

OpenAI GPT-5.4-i tanyşdyrdy: Kontekst penjiresi bir million tokene çenli giňeldildi

OpenAI kompaniýasy özüniň täze GPT-5.4 dil modelini tanyşdyrdy. Işläp düzüjiler çylşyrymly meseleleri çözmäge, programirlemäge we dürli gurallar bilen işlemäge has uly üns berip, emeli aň ulgamlarynyň hataryny ösdürmegi dowam edýärler...

06.03.2026 12:05
2.7k+

GPT-5.4-de adatdan daşary pikirleniş režimi peýda bolar

GPT-5.4 modelinde çylşyrymly soraglary işlemek üçin ýörite režimiň peýda bolmagy mümkin. Bu barada "The Information" neşiri habar berýär. Çeşmäniň berýän maglumatyna görä, şeýle tertipde model çylşyrymly logikany we jikme-jik seljermäni talap edýän meseleleri çözmek üçin has köp wagt we hasaplama serişdelerini ulanar...