«Bawariýanyň» derwezebany Noýer gol geçirtmedik oýunlarynyň sany boýunça Çempionlar ligasynyň rekordyny goýdy

  • 20.04.2024 17:54
  • 10k+

Germaniýanyň «Bawariýa» futbol klubunyň derwezebany Manuel Noýer gol geçirtmedik oýunlarynyň sany boýunça Çempionlar ligasynyň rekordynyň eýesi boldy.

Çarşenbe güni Çempionlar ligasynyň çärýek finalynyň jogap duşuşygynda Mýunheniň «Bawariýa» kluby öz meýdançasynda Londonyň «Arsenalyny» 1:0 hasabynda ýeňdi. Meýdançanyň eýeleriniň kapitany Noýer üçin bu oýun ýaryşdaky 58-nji gol geçirdilmedik oýun boldy. Şeýlelikde, ol Çempionlar ligasynda 57 oýunda asla gol geçirtmedik Ispaniýanyň «Realynyň» we Portugaliýanyň «Portu» toparynyň öňki derwezebany Iker Kasilýasdan öňe geçdi. Şol bir wagtyň özünde, Noýer Çempionlar ligasynda 136, ispaniýaly derwezeban bolsa 177 oýun oýnady.
Noýer 38 ýaşynda. Ol 2011-nji ýylda «Şalkeden» «Bawariýa» geçdi. Mýunheniň klubunyň düzüminde derwezeban 11 gezek Germaniýanyň çempiony boldy, bäş gezek ýurduň Kubogyna eýe boldy we iki gezek Çempionlar ligasynda ýeňiş gazandy. Ol Germaniýanyň milli ýygyndysynda 117 oýun oýnap, dünýä çempiony boldy (2014).


düýn 09:59
5.5k+

ÇL-iň ýarymfinaly: «PSŽ» bilen «Bawariýa» 9 golly dartgynly oýun görkezdiler

Pariźdäki «Park-de-Prens» stadionynda «PSŽ» we «Bawariýa» jemi dokuz gol urulmagy bilen tamamlanan dartgynly oýun görkezdiler. UEFA-nyň Çempionlar ligasynyň ýarym finalynyň birinji duşuşygy pariźli toparyň......

28.04.2026 16:14
4.1k+

Tedesko «Fenerbahçeniň» baş tälimçisi wezipesinden aýryldy

«Fenerbahçe» topary baş tälimçi Domeniko Tedeskonyň wezipesinden aýrylandygyny yglan etdi. Bu barada türk klubunyň metbugat gullugy habar berýär....

28.04.2026 14:43
8.5k+

Dünýä çempionatynyň finalynyň biletleri 2,3 mln dollardan satylýar

FIFA-nyň resmi gaýtadan satuw platformasynda 2026-njy ýylyň futbol boýunça dünýä çempionatynyň final duşuşygyna dört sany bilet peýda boldy. Olaryň her biriniň bahasy 2,3 million dollara golaýlaýar....

27.04.2026 16:45
7.2k+

Salah indi «Liwerpulyň» düzüminde meýdança çykyp bilmez: futbolçy dyzyndan şikes aldy

«Liwerpul» klubunyň hüjümçisi Mohamed Salah Angliýanyň Premýer-ligasynda «Kristal Pelas» toparyna garşy geçirilen oýunda (3:1) alan şikesi sebäpli möwsümiň galan böleginde meýdança çykyp bilmez....