Hytaý 2019-njy ýyldan bäri ilkinji gezek “Formula-1” tapgyryny kabul eder

  • 19.04.2024 14:47
  • 2.2k+

2024-nji ýyl möwsüminiň “Formula-1” ulag klasyndaky awtoýaryşlar boýunça dünýä çempionatynyň bäşinji tapgyry – Hytaýyň Gran-prisi anna güni başlaýar. Bu tapgyr çempionatda sprinter ýaryşyny öz içine alýan ilkinji tapgyr bolar.

2024-nji ýylda şeýle Gran-prileriň sany jemi alty bolar. Häzirki çempionatda sprintli ýaryş uik-endiniň formatyna sähel üýtgeşmeler girizildi. Anna güni sprint ýaryşy üçin kwalifikasiýa geçiriler, şenbe güni ilki 100 km aralyga ýaryş bolar, şondan soň ýekşenbe günündäki esasy ýaryş üçin kwalifikasiýa geçer. Sprint üçin utuk hasaplaýyş ulgamy öňküligine galdy, olary ilkinji sekiz sürüji alar: ýeňiji sekiz bal, sekizinji bolup gelen bir bal gazanar.
Hytaýyň Gran-prisi 2019-njy ýyldan bäri ilkinji gezek geçiriler, geçen dört möwsümde tapgyr koronawirus pandemiýasy sebäpli ýatyryldy.
Anna güni erkin tejribe (Aşg. 08:30) we sprint ýaryşy üçin saýlama (12:30) geçirilýär. Şenbe güni sprint (Aşg. 08:00) we kwalifikasiýa (12:00) geçiriler. Tapgyryň maksatnamasy ýekşenbe güni esasy ýaryş bilen tamamlanar (Aşg. 12:00).


05.05.2026 15:03
4.3k+

Abu-Dabidäki attraksion 4,9 sekuntda 240 km/sag tizlik bilen Ginnese girdi

Birleşen Arap Emirlikleriniň Abu-Dabi şäherindäki «Ferrari World» seýilgähinde ýerleşýän «Formula Rossa» attraksiony dünýäniň iň çalt attraksiony hökmünde ykrar edildi....

04.05.2026 14:40
1.9k+

Antonelli yzygider üçünji gezek «Formula-1-iň» Gran-pri tapgyrynda ýeňiş gazandy

«Mercedes» toparynyň sürüjisi Andrea Kimi Antonelli Maýaminiň Gran-prisiniň ýeňijisi boldy — bu onuň «Formula-1-iň» häzirki möwsüminde yzygider üçünji ýeňşidir....

25.04.2026 15:19
1.4k+

Formula-1 toparlarynyň gymmatlyk reýtingi çap edildi: Ferrari 7 milliard dollar bilen öňde barýar

Soňky birnäçe ýylyň dowamynda Formula-1 toparlarynyň gymmaty birden ýokarlanmagyny dowam etdirýär we indi her bir toparyň bahasy azyndan 1 milliard dollara ýetdi. Bu baradaky maglumatlar «PlanetF1» neşiri......

24.04.2026 21:44
3.8k+

Türkiýäniň Gran-prisi 2027-nji ýyldan başlap «Formula-1-iň» senenamasyna dolanar

Türkiýäniň Gran-prisi 2027-nji ýyldan başlap, azyndan bäş ýyl möhlet bilen ýene-de «Formula-1» çempionatynyň senenamasyna girer. Bu barada ýurduň Prezidentiniň administrasiýasy habar berdi....