“Red Bull” “Formula-1-iň” toparynyň ýolbaşçysyny Werstappen bilen dawadan soň işden çykardy

  • 10.07.2025 15:46
  • 6.1k+

Kristian Horner “Red Bull Reýsing” toparynyň ýolbaşçysy wezipesinden aýryldy we baş direktoryň wezipe borçlaryndan boşadyldy. Bu barada toparyň metbugat gullugy habar berdi.

KHBS-iň maglumatlaryna görä, britaniýalynyň işden çykarylmagynyň sebäbi onuň toparyň esasy sürüjisi Maks Werstappen bilen uzaga çeken dawasy we häzirki möwsümde şowsuz netijeler boldy. Bu ýagdaýdan nägile bolan Werstappen, hamala, ýolbaşçylygyň öňünde ultimatum goýup, Horner bilen işleşmekden ýüz öwrüpdir. Olaryň dartgynly gatnaşygy eýýäm birnäçe ýyl bäri dowam edýär, ýöne ýaryşdaky şowsuzlyklar sebäpli has hem ýitileşdi.
Şunuň bilen baglylykda, metbugatda niderlandly ýaryşa gatnaşyjynyň “Mersedese” geçip biljekdigi barada gürrüňler peýda boldy.
Horner “Red Bull Reýsinge” esaslandyrylandan bäri ýolbaşçylyk edipdi. Red Bull kompaniýasynyň eýesi Ditrih Mateşis ony Jaguar Racing-i satyn alandan soň çagyrdy. Horneriň ýolbaşçylygynda topar 2005-nji ýylda “Formula-1-de” ilkinji gezek çykyş etdi, dört ýyldan soň bolsa Sebastýan Fettel oňa ilkinji ýeňşi getirdi.
2010-2013-nji ýyllarda Red Bull çempionatda öňdebaryjy boldy: Fettel dört gezek dünýä çempiony boldy, topar bolsa Konstruktorlaryň kubogyny utdy. Umuman, toparyň hasabynda alty Konstruktorlaryň kubogy we sürüjileriň sekiz çempionlyk tituly bar. Bu döwürde ondan köp kubogy diňe “Mersedes” gazandy.
Geçen möwsümde “Red Bull” 2022-nji ýyldan bäri ilkinji gezek Konstruktorlaryň kubogyny gazanyp bilmedi. Werstappeniň nobatdaky titulyna garamazdan, topar öňdebaryjylygyny ýitirdi. Häzirki möwsümde ýaryşa gatnaşyjy umumy hasapda üçünji barýar, ol “Maklarenden” Oskar Piastri bilen Lando Norrisden 60 utukdan gowrak yza galýar.


19.06.2026 19:42
1.5k+

Lýuis Hemilton "Ferrari-ä" geçeni bäri ilkinji ýeňşini gazandy

«Ferrari» toparynyň sürüjisi Lýuis Hemilton «Formula-1-iň» Ispaniýa Gran-pri tapgyrynyň ýeňijisi boldy....

09.06.2026 07:51
4.5k+

19 ýaşly Antonelli Monakonyň Gran-prisinden ýeňiş gazandy: bu onuň yzly-yzyna bäşinji ýeňşi

«Mercedes» toparyndan çempionatyň lideri Andrea Kimi Antonelli 2026-njy ýylyň Formula-1 möwsüminiň altynjy tapgyry bolan Monakonyň Gran-prisinde ýeňiş gazandy. Ýaryş 7-nji iýunda Monte-Karlo şäheriniň......

23.05.2026 16:21
11k+

On adam üçin 1,4 milliard dollar: Forbes sport dünýäsiniň henizem weteranlar tarapyndan dolandyrylýandygyny görkezdi

Forbes žurnalynyň şu ýylky iň köp hak tölenýän türgenler boýunça reýtingi sportuň rowaýaty türgenleriniň 40 ýaşdan soň hem ýaş super ýyldyzlardan köp pul gazanýandygyny görkezdi....

05.05.2026 15:03
4.5k+

Abu-Dabidäki attraksion 4,9 sekuntda 240 km/sag tizlik bilen Ginnese girdi

Birleşen Arap Emirlikleriniň Abu-Dabi şäherindäki «Ferrari World» seýilgähinde ýerleşýän «Formula Rossa» attraksiony dünýäniň iň çalt attraksiony hökmünde ykrar edildi....