40 dollara iPhone üçin goşmaça düwmeli akylly daşlyk çykaryldy

  • 19.04.2024 13:20
  • 11k+

BANG! CASE - iPhone üçin programmirläp bolýan düwmeli  dünýäde ilkinji daşlyk hödürlendi diýip, 9to5toys-a salgylanýan Mail.ru habar berýär.

Kuwwat düwmesiniň aşagynda ýerleşýän bu düwme smartfonyňyzda dürli hereketleri has çalt ýerine ýetirmäge mümkinçilik berýär. Ekrany düşürmegi, kamerany işe girizmegi, elçyrany ýakmagy, Siri jaň etmegi, ekrany ýazga almagy, programmalaryň arasynda ondan-oňa geçmegi we köp beýleki hereketleri bir gezek, iki gezek ýa-da uzyn basmaklyga programmirläp bolýar.
Döredijiler BANG! CASE düwmesiniň App Store-daky programmalaryň 80% -ine laýyk gelýändigini tassyklaýarlar. Daşlyk iPhone-yňyza Bluetooth arkaly birikýär we simsiz zarýad bermek üçin MagSafe-ni goldaýar.
BANG! CASE häzirki iPhone modellerini bölekleýin geljekki iPhone 16-a öwürýär. iPhone 15 Pro-nyň we 15 Pro Max-yň eýýäm şuňa meňzeş düwmesi bar, emma funksiýalary çäkli. iPhone 16-nyň tutuşlygyna kamerany dolandyrmak üçin başga bir düwme almagyna garaşylýar.
BANG! CASE iPhone 14, 14 Pro, 15 we 15 Pro üçin 40 dollara satylýar.
Häzirki wagtda Kickstarter üçin pul ýygnamak işleri alnyp barylýar we zerur mukdar toplanan ýagdaýynda daşlyk şu ýylyň iýun aýynda satuwa çykarylar.


düýn 16:33
2.6k+

Tim Kuk Apple ulanyjylaryna ýüzlendi: «Elli ýyl ozal kiçijik bir garažda uly pikir dünýä indi…»

2026-njy ýylyň 1-nji aprelinde Apple kompaniýasynyň döredilenine 50 ýyl dolýar we kompaniýa bu sene mynasybetli birnäçe çäreleri hem-de uly tanyşdyryşlary taýýarlaýar. Apple-iň baş direktory Tim Kuk bu möhüm senäniň gelerine garaşyp durman, kompaniýanyň saýtynda Apple-iň enjamlaryndan we hyzmatlaryndan peýdalanýanlaryň ählisine gönükdirilen açyk haty çap etdi...

09.03.2026 19:31
1.1k+

Apple Music EA tarapyndan döredilen aýdym-saza bellik girizmäge başlar

Apple Music hyzmaty emeli aň arkaly döredilen kontente bellik goýmaga başlar. Bu barada NME neşiri habar berýär. Täze düzgünlere görä, distribýutorlar saz, tekst, klip ýa-da obložka döredilende emeli aňyň ulanylandygyny ýa-da ulanylmandygyny görkezmeli bolarlar...

02.03.2026 22:21
5.1k+

Apple arzan bahaly iPhone 17e modelini tanyşdyrdy: satuw 11-nji martda başlar

Apple kompaniýasy özüniň elýeterli smartfon hatarynyň täze modelini — iPhone 17e smartfonyny hödürledi. Täze model öňki iPhone 16e modeliniň dizaýnyny we ekranyň ölçegini saklap galdy. Hususan-da, smartfonda öňküsi ýaly ýokarsy gönüburç «oýukly» ekran ulanylýar...

27.02.2026 19:22
1.3k+

App Store dükanynda ulanyjylaryň ýaşyny tassyklaýan täze ulgamlar işe girizildi

Beýleki köp sanly iri kompaniýalaryň mysalyna eýerip, Apple dürli döwletleriň we sebitleriň kanunçylyk talaplaryna laýyk gelmek maksady bilen App Store dükanynda ulanyjynyň ýaşyny barlaýan ýörite gurallary işe girizdi...