Apple Watch hammamda ýykylyp, huşuny ýitiren nýu-ýorkly adamyň janyny halas etdi

  • 19.04.2024 19:46
  • 15k+

49 ýaşly nýu-ýorkly Erik Zollinger Apple Watch öz janyny halas etdi diýip hasaplaýar. Bu barada ol New-York Post neşirine gürrüň beripdir diýip, gazeta.ru ýazýar.

Şu ýylyň mart aýynda gozgalmaýan emläk dellaly bolup işleýän bir adam welosipedli ofisden öýüne dolanyp gelýärkä suwly çukura gaçyp, şikes alýar.

“Men gapdala ýykylyp, betona uruldum. Ýerimden turup, ilki bilen dişlerimi barladym, sebäbi birnäçe ýyl ozal dişlerime winir goýdurypdym. Bagtyma olara hiç zat bolmandyr. Sag dyzym, ýüzümde gözüm bilen burnumyň arasy hem ýere degdi, dişlerim dodaklarymy çapdy, ýöne beýlebir kän gan akmady"- diýip, ejir çeken gürrüň berdi.

Ol öýüne baryp, hammama girýär, ýöne ýene ýykylyp, huşuny ýitirýär.
Apple Watch-iň ýykylmany kesgitlemek aýratynlygy işläp başlaýar: sagat awtomatiki usulda halas ediş gullugyny çagyrýar we gyssagly jaň edilmeli adamlara habar berýär.
Zollinger: "Duşda ýykylypdyryn, Apple Watch wannanyň gyrasyna degmegiň täsirinden 911-e jaň edipdir we kartada takyk ýerleşýän ýerimi görkezip, dostlaryma habar beripdir" – diýip belleýär.
Ol adam özüne gelende 911-iň operatorynyň özi bilen gepleşýändigini bilýär we çagyryşy ýatyrýar. Ýöne şondada ätiýaçdan saglyk barlaglaryndan geçmek üçin hassahana barypdyr.
Zollinger Apple Watch-iň janyny halas edendigine ynanýar.


düýn 20:25
5.7k+

«Hoş geldiňiz, ýöne özüňizi gowy alyp baryň!»: Tramp öz portreti bolan ABŞ pasportyny görkezdi

ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp çäklendirilen tapgyrda çykaryljak amerikan pasportlarynyň nusgasyny görkezdi. Bu tapgyryň çykarylmagy ýurduň garaşsyzlygynyň 250 ýyllygyna bagyşlanýar. Döwlet Baştutany täze......

düýn 16:55
4.4k+

BMG, ABŞ we Ýewropa Bileleşigi ýer titremelerinden ejir çeken Wenesuela kömek iberdi

Halkara guramalar we birnäçe döwletler bolup geçen iki sany weýrançylykly ýer titremesinden soň Wenesuela ynsanperwer kömegini bermegi yglan etdiler. Iň soňky maglumatlara görä, ýurtda aradan çykanlaryň sany......

27.06.2026 23:56
6.2k+

Ak tam daşary ýurtlulara gaçybatalga bermegiň doly bes edilýändigini mälim etdi

ABŞ-nyň administrasiýasy daşary ýurt raýatlaryna gaçybatalga bermegini bütinleý bes edýändigini yglan etdi. Bu barada geçirilen brifingde Ak tamyň işgärler apparatynyň ýolbaşçysynyň orunbasary Stiwen Miller......

25.06.2026 14:47
5.2k+

ABŞ-nda Nýu-Ýorky tupanlardan we suw joşgunlaryndan gorajak 10 kilometrlik taslama taýýarlanylýar

ABŞ-nyň Goşunynyň inženerler bölegi Nýu-Ýork şäherini güýçli şumal tolkunlaryndan we suw joşmalaryndan gorajak ägirt uly ulgamyň taslamasyny hödürledi. Bu taslamanyň esasy bölegi Rokhaweý ýarym adasy bilen......