Hindistan ilat sany boýunça dünýäde birinji orny eýeledi

  • 18.04.2024 17:51
  • 21k+

Hindistan ilat sany boýunça dünýäde birinji orny eýeledi. Ol häzir 1,442 mlrd adam diýlip hasaplanýar. Ikinji orunda 1,425 mlrd ýaşaýjy bilen Hytaý ýerleşýär. Bu barada BMG-niň Ilat gaznasynyň (UNFPA) hasabatyna salgylanyp, TASS habar berýär.

Gazna Hindistanyň ilatynyň köpelmegini ýurtda sosial-ykdysady ýagdaýyň gowulaşmagy we eneleriň ölüm derejesiniň peselmegi bilen baglanyşdyrýar. UNFPA-nyň hasaby boýunça, 1990-njy ýylda dünýäde eneleriň ölüm hadysalarynyň 26%-i Hindistanyň paýyna düşýärdi, 2020-nji ýyla çenli bu görkeziji 8%-e çenli azaldy.
Häzirki wagtda Hindistanyň ilatynyň 26%-ini 10-24 ýaş aralygyndaky ýaşlar emele getirýär, şol bir wagtyň özünde 2023-nji ýylda doglan erkekler üçin garaşylýan ömür dowamlylygy 71 ýyl, aýallar üçin 74 ýyl diýlip hasaplanýar.
2011-nji ýylda geçirilen soňky ilat ýazuwynyň maglumatlaryna görä, Hindistanyň ýaşaýjylarynyň sany 1,21 mlrd adama barabardy.
BMG-niň hasaplamalary boýunça, Hytaýyň ilaty 2022-nji ýylda iň ýokary – 1,426 mlrd adam derejesine ýetdi we azalyp başlady. Hindistanyň ýaşaýjylarynyň sany 2023-nji ýylyň aprel aýynyň ahyryna çenli ilat sany boýunça Hytaýyň materik bölegi bilen deňleşdi. Bilermenler şu asyryň ahyryna çenli Hytaýyň ilat sanynyň 1 mlrd adamdan azalyp biljekdigini çaklaýarlar. Hindistanyň ilatynyň bolsa, tersine, geljek birnäçe onýyllyklarda artmagyna garaşylýar.


16.06.2026 12:54
4.9k+

Hytaý dollar bilen bäsleşip biljek sanly töleg ulgamyny işe girizmäge taýýarlanýar

Hytaý merkezi banklaryň sanly walýutalaryny ulanmak arkaly halkara amallaryny geçirmäge mümkinçilik berjek «mBridge» serhetüsti hasaplaşyklar platformasyny täjirçilik maksatly işe girizmek boýunça taýýarlygy......

11.06.2026 22:18
7.6k+

Modi Hindistanyň premýer-ministri hökmünde rekord goýdy

Hindistanyň premýer-ministri Narendra Modi ýurduň häzirki taryhyndaky ähli hökümet baştutanlarynyň arasynda bu wezipäni üznüksiz we iň uzak wagtlap eýelän premýer-ministr hökmünde rekord goýdy....

01.06.2026 07:34
8.7k+

Hytaý emeli adada ägirt uly howa menziliniň gurluşygynyň nähili dowam edýändigini görkezdi

Hytaý Dalian Jinzhouwan howa menziliniň gurluşygyny dowam etdirýär, ol gurlup gutarylandan soň, emeli adada ýerleşýän dünýäde iň uly howa menzili bolar. Bu toplum Dalýan şäheriniň kenarýakasyndaky Bohaý......

30.05.2026 11:21
3k+

Taýwanyň fond bazary ýekeje kompaniýanyň kömegi bilen Hindistandan öňe geçdi

Taýwanyň maliýe bazarlary öz taryhynda ilkinji gezek Hindistanyň fond bazaryny yzda galdyryp, 4,95 trillion dollar möçber bilen dünýäde bäşinji orna göterildi. Emma synçylar munuň tutuş ýurduň ykdysady......