Hytaý ABŞ-dan öňe geçip, global awtomobil bazarynda birinji orny eýeledi

  • 18.04.2024 10:31
  • 13k+

Mart aýynda dünýä bazarynda awtoulag satuwy 8,026 mln ýeňil we ýeňil söwda awtomobiline deň boldy, bu bir ýyl ozalkydan 1,9% köpdür. Çärýegiň dowamynda satuw 4,4% ýokarlanyp, 20,762 mln birlige barabar boldy. Bu barada GlobalData-nyň gözleginde aýdylýar diýip, kommersant.ru habar berýär.

Hytaý mart aýynda 2,154 mln awtoulag satyp, dünýäde awtoulag satuwy boýunça ýurtlaryň reýtinginde birinji orny eýeledi. Onuň görkezijisi bir ýyl ozalkydan 5,2% köpdür. Şol bir wagtyň özünde, fewral aýynda Aý senenamasy boýunça Täze ýylyň bellenilmegi bilen baglylykda Hytaý birinji orny ABŞ-a berdi. Mart aýynda ABŞ-da 1,437 mln awtoulag satyldy, ösüş 5,5% boldy.
Mart aýynda Günbatar Ýewropa ýurtlarynda satuw 1 mln 454 müň awtoulag (-1%) boldy, Gündogar Ýewropa ýurtlarynda satuw 21% ýokarlanyp, 404,8 müň birlige ýetdi. Satuw boýunça ösüş Russiýada, Ukrainada we Türkiýede hasaba alyndy.
Günorta Amerikada 200 müň awtomobil satyldy, bu bir ýyl ozalkydan 10,7% azdyr. Şeýle-de, gözlegde Ýaponiýanyň (448 müň birlik, -21%), Kanadanyň (158,8 müň birlik, +7,2%) we Günorta Koreýanyň (143,4 müň birlik, -12,1%) netijeleri görkezilýär.


düýn 14:05
3.4k+

Toyota we Nissan ABŞ-da ýygnalan ulaglarynyň aýratynlyklary barada duýdurdy

Toyota we Nissan ýaponiýaly alyjylary ABŞ-da öndürilen ulaglarynda bolup biljek aýratynlyklar barada habardar etdi. Gürrüň, ABŞ-dan Ýaponiýa import edilýän «Toyota Tundra», «Toyota Highlander» we «Nissan......

düýn 08:16
2.4k+

Toyota ekranlardaky näsazlyk sebäpli Hytaýda 9 müňden gowrak Land Cruiser Prado ulagyny yzyna çagyrýar

«FAW-Toyota» bilelikdäki kärhanasy Hytaýda ýerli önümçilikdäki «Land Cruiser 250 (Prado)» wnedorožnikleri üçin yzyna çagyryş kampaniýasynyň başlanandygyny yglan etdi. Hytaýa import edilýän meňzeş platformaly......

16.06.2026 07:52
4.3k+

BYD ulagyň aşagyndaky haýwanlary kesgitleýän ulgamyň patentini aldy

BYD hytaý kompaniýasy ulagyň aşagyndaky haýwanlary ýüze çykarmaga ukyply ulgamyň patentini aldy. ITHome neşiriniň ýazmagyna görä, bu tehnologiýa hereket başlanmazdan ozal we simsiz zarýad beriş ulgamy ulanylan......

13.06.2026 12:31
2.5k+

Ferrari sport awtoulaglary üçin "dem alýan" wodorod bakyny patentledi

Ferrari ABŞ-da sport awtoulaglary üçin çeýe wodorod baky üçin patent hasaba aldy. Konstruksiýa ýangyç guýulýan we sarp edilýän wagty basyşa baglylykda rezerwuaryň görnüşini we göwrümini üýtgetmegi göz öňünde......